HHR-de aşgazany barlamak üçin emeli aňly robotlaşdyrylan kapsula ulanylýar

Emeli aň bilen işleýän robotlaşdyrylan kapsula Hytaýda aşgazany barlamagyň usulyny düýpli üýtgedýär.
Çunsin şäherindäki lukmançylyk enjamlaryny öndüriji Jinshan Science and Technology kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan RC100 dünýäde ilkinji doly awtomatlaşdyrylan, magnit arkaly dolandyrylýan endoskopik kapsuladyr.
Adaty enjamlardan tapawutlylykda, RC100 ulgamy hassalara has az inwaziw we has takyk barlagy hödürleýär. Emeli aň arkaly seljerişi we magnit bilen dolandyrylýan wizualizasiýany birleşdirip, kapsulany diňe ýuwutmak arkaly ähli aşgazan-içege ulgamyny hakyky wagt tertibinde synlamaga mümkinçilik berýär.
“Bu hemişelik magnit kapsulamyzy dolandyryp, ony aşgazanyň içinde 360 gradus aýlamaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, aşgazanyň ähli bölekleriniň şekillerini alyp bolýar. Bu ekranda bolsa aşgazanyň umumy anatomiýasy görkezilýär”, — diýip, Çunsin lukmançylyk uniwersitetiniň birinji degişli hassahanasynyň Saglyk dolandyryş merkeziniň tehnigi Huan Lu aýtdy.
Lukmanyň ekranyndan başga-da, hassanyň hem guşagyna berkidilen monitorda bu prosesi yzarlamaga mümkinçiligi bar.
“Biz Hytaýyň günorta-günbatar böleginde bu enjamy ornaşdyran ilkinji saglyk dolandyryş merkezidiris. Eýýäm bir ýyldan gowrak wagt geçdi we biz 200-den gowrak hassalara hyzmat etdik. Olaryň pikirleri örän oňyn”, — diýip, merkeziň baş lukmany Ýan Ýan aýtdy.
Barlagdan soň lukmanlar emeli aň esasly programma üpjünçiligini ulanyp, şekilleri çalt we takyk seljerip bilýärler, bu bolsa hasabat taýýarlamak işini tizleşdirýär.
Kompaniýa inçe içegäni barlamak üçin önümiň döwrebaplaşdyrylan wersiýasyny çykardy. Bu model has giňişleýin we takyk wizualizasiýa üçin iki kamera bilen üpjün edilendir.
“Bazaryň beýleki gatnaşyjylary, şol sanda iri we belli kompaniýalar bilen deňeşdirilende, emeli aň bilen işleýän kapsulanyň peýda bolmagy bu pudakda uly goşmaça gymmat döredýär. Hususan-da, hassalarda rak keseliniň öňüni almak ugrunda bu tehnologiýa möhüm ähmiýete eýedir”, — diýip, innowasion lukmançylyk enjamlaryna ýöriteleşen fransuz Asept InMed kompaniýasynyň baş direktory Kristof Lean aýtdy.







