Öndürijiligiň, söwdanyň we eksportyň ösmegi – Hytaýyň awtoulag senagatynyň gazananlary

Aprel 11, 2026 | 21:05 |74
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň awtoulag bazary mart aýynda ep-esli ösüş görkezdi: önümçilik we söwda geçen aý bilen deňeşdirilende düýpli ýokarlandy. Hytaýyň awtoulag öndürijiler assosiasiýasynyň (CAAM) berýän maglumatlaryna görä, ýurtda awtoulag eksporty birinji çärýegiň dowamynda durnukly ösüş depgini saklady.

Mart aýy üçin esasy görkezijiler: awtoulag önümçiligi 2,917 million birlige ýetdi, bu bolsa geçen aýyň görkezijisinden 74,4% ýokarydyr. Söwda mukdary 2,899 million birlige ýetdi (geçen aýa görä 60,6% ösüş).

Eksport 875 müň awtoulag boldy, bu bolsa geçen aý bilen deňeşdirilende 30,2% we geçen ýylyň derejesinden 72,7% köpdür. Täze energiýa çeşmeli awtoulaglaryň (NEV) eksportynyň ösüşi aýratyn göze ilýär: mart aýynda olaryň sany 371 müň birlige ýetip, geçen ýylyň degişli döwründakinden 1,3 esse köp boldy.

Ýanwar-mart aýlary aralygynda awtoulaglaryň umumy eksport göwrümi 2,226 million birlige çenli ýokarlandy (geçen ýyla görä +56,7%). Şol bir wagtda, NEV eksporty 954 000 birlik boldy — bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 1,2 esse köpdür.

CAAM-yň baş sekretarynyň orunbasary Çen Şihua eksportyň çalt ösmeginiň esasy şertlerini aýratyn belledi. Onuň sözlerine görä, eksportyň ösmeginde täze energiýa çeşmeli awtoulaglar (NEV) esasy hereketlendiriji güýç boldy. Mundan başga-da, doly we netijeli önümçilik zynjyrynyň netijesinde durnukly üpjünçilik hem-de eltip berme işleri amala aşyrylýar. Netijede, gerimiň netijeliligi hytaý awtoulag önümleriniň halkara bäsdeşlik ukybyny ep-esli ýokarlandyrýar.

Bilermeniň aýtmagyna görä, eksportyň çalt ösmegi — bu Hytaýyň awtoulag senagatynyň özgermeginiň, döwrebaplaşmagynyň we umumy kuwwatlanmagynyň beýanydyr. Şeýle hem bilermenler bu ösüşi möwsümleýin kanunalaýyklyklar, subsidiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegi, bahar paslyndaky awtosalonlaryň geçirilmegi we täze modelleriň yzygiderli çykarylmagy bilen baglanyşdyrýarlar.


Beýleki habarlar