Hytaý ýokary tizlikli demir ýol ulgamy arkaly öý haýwanlaryny daşamak mümkinçiliklerini giňeldýär

Hytaýyň ýokary tizlikli demir ýol ulgamy öý haýwanlaryny daşamak hyzmatlaryny giňeldip, ýolagçylara has çeýe mümkinçilikleri hödürledi.
Indi ýolagçylar öý haýwanlary bilen ýörite niýetlenen kupede syýahat edip bilerler ýa-da olar üçin aýratyn bilet sargyt edip bilerler. Haýwanlary aýratyn daşamak üçin sargydy iki-bäş gün öňünden amala aşyrmaly, ähli zerur maglumatlar we karantin şahadatnamalary onlaýn görnüşde tabşyrylmalydyr. Her bir ýolagçy iki haýwana çenli öz ýany bilen alyp biler ýa-da bir saparda bir haýwany aýratyn iberip biler.
Bu giňeltme dünýäniň iň köp ulanylýan ulag ulgamlarynyň biri bolan Hytaýyň ýokary tizlikli demir ýol ulgamyny öý haýwanlarynyň eýeleri üçin has elýeterli edýär we täze mümkinçilikler hem-de amatlyklary hödürleýär.
China Railway Express kompaniýasynyň satuw menejeri Wan Ýuýszýue hyzmatyň giňeldilen çäklerinde haýwanlary daşamak düzgünleri barada gürrüň berdi.
“Buýrugy resmileşdirenlerinde müşderiler ugradýan we kabul edýän taraplaryň maglumatlaryny görkezmeli, şeýle hem ýerinde amallary tamamlamak üçin öý haýwanyny we güýje eýe bolan karantin şahadatnamasyny özleri bilen getirmeli. Haýwan ýüklenenden soň, ugradýan tarapa otlynyň belgisi bilen SMS habarnamasy iberiler, kabul edýän tarap bolsa gelen wagty şahsyýetini tassyklaýan şahadatnamasyny görkezmek arkaly haýwany almak barada habarly ediler”, — diýip, ol aýtdy.
Bir haýwany daşamagyň bahasy 500-den 1300 ýuana çenli (takmynan 74-den 190 ABŞ dollaryna çenli), eýesi bilen bilelikde daşamak bolsa 360-dan 860 ýuana çenli (takmynan 59-dan 132 ABŞ dollaryna çenli) bolup durýar.
Soňky giňeltmäniň çäklerinde haýwanlary daşamak hyzmatlary demirgazyk we merkezi welaýatlardaky 11 beketde, şeýle hem 50 ýokary tizlikli demir ýol ugrunda girizildi. Şeýlelikde, häzirki wagtda bu hyzmat Hytaý boýunça 121 ýokary tizlikli demir ýol bekedinde we 228 demir ýol ugrunda elýeterlidir.







