Si Szinpin harby resmiler üçin okuw maslahatynda syýasy düzedişleri çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady

Çarşenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ýaragly güýçleriniň arassalygyny we şöhratyny saklap galmak üçin goşunda syýasy düzedişleri çuňlaşdyrmaga çagyrdy.
Şeýle hem Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary we Merkezi harby komissiýasynyň başlygy Si Szinpin şol gün Pekindäki Milli goranmak uniwersitetinde ýokary derejeli harby resmiler üçin açylan okuw maslahatynda çykyş etdi.
Garaýyşlaryň we ynamyň möhümdigini nygtap, Si Szinpin partiýa we goşuna degişli bolmagyň marksizme bolan berk ynamy hem-de partiýa bolan wepalylygy aňladýandygyny mälim etdi. Ol ýokary derejeli harby işgärleri partiýa içindäki syýasy işjeňlige ak ýürekden ýolbaşçylyk etmäge we hakykaty aýtmaga çagyrdy.
Si Szinpin şahsy bähbitden we korrupsiýadan gelip çykýan ähli pikirleriň hem-de hereketleriň partiýanyň tebigatyna we maksatlaryna düýbünden gabat gelmeýändigini aýtdy.
Ol şeýle hem ýokary derejeli harby işgärleri partiýanyň we goşunyň ajaýyp däp-dessurlaryny dikeltmek hem-de ösdürmek işine ýolbaşçylyk etmäge, resmi ulumsylykdan ýüz öwürmäge we rewolýusion harby gullukçylarynyň özboluşlylygyna wepaly bolup galmaga çagyrdy.
Si Szinpin kanunlaryň we kadalaryň öňünde hemmeleriň deň bolmalydygyny, olary berjaý etmekde hiç hili aýratyn ýagdaýyň ýa-da ulanylyşynda hiç hili kadadan çykmalaryň bolmaly däldigini belledi.
Si Szinpin täze taryhy şertlerde goşunynyň görlüp-eşidilmedik agzybirligi we bitewüligi görkezip, güýçli goşun gurmakda täze sahypa ýazjakdygyna ynam bildirdi.
Merkezi harby komissiýanyň başlygynyň orunbasary Çžan Şenmin okuw maslahatynyň açylyş dabarasyna ýolbaşçylyk etdi.







