Hytaýda daşary ýurt maýa goýumlary: 10 aýda 14,7% ösüş

2025-nji ýylyň birinji 10 aýynda Hytaýyň esasy böleginde daşary ýurt maýa goýumlary bilen 53 müň 782 sany täze kärhana döredildi. Hytaý Halk Respublikasynyň Söwda ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,7% ýokarydyr.
Hytaýyň esasy bölegine daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi 621,93 milliard ýuana (ýagny takmynan 87,51 milliard ABŞ dollaryna) deň boldy.
Daşary ýurt göni maýa goýumlarynyň önümçilik senagatyna paýlanyşy 161,91 milliard ýuana, hyzmatlar pudagynda – 445,82 milliard ýuana we ýokary tehnologiýaly pudaklarda – 192,52 milliard ýuana deň boldy.
Daşary ýurt göni maýa goýumlarynyň iň uly ösüşi elektron söwda pudagynda hasaba alyndy. Onuň görkezijisi +173.1%-e deň boldy. Lukmançylyk gurallarynyň we enjamlarynyň öňdürilişinde +41.1%-e şeýle hem howa-kosmos enjamlaryny öndürmekde + 40,6% ösüş hasaba alyndy.
Hytaýa maýa goýumlaryny ep-esli artdyran öňdebaryjy üç ýurt: Birleşen Arap Emirlikleri (+48,7%), Beýik Britaniýa (+17,1%) we Şweýsariýa (+13,2%) bolup durýar.







