Hytaýyň iri deňiz ýel elektrik bekedi doly kuwwatynda işläp başlady

Sişenbe güni Hytaý özüniň iň çuň suwly deňiz ýel elektrik bekedini doly ulanmaga berdi. Bu waka çuň suwly gurluşykda, turbinalaryň iri möçberli integrasiýasynda we anyk gurnama tehnologiýalarynda uly öňegidişligi alamatlandyrdy diýip, «China Huaneng Group» döwlet kompaniýasy habar berdi.
Bu taslama Sary deňziň demirgazyk böleginde, Şandun ýarym adasynyň gündogar kenaryndan takmynan 70 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Suwuň 52-56 metr çuňlugynda ýerleşýän bu desga Hytaýyň iň çuň suwly täjirçilik maksatly deňiz ýel energetikasy taslamasydyr.
Onuň umumy gurnalan kuwwaty 504 megawat bolup, her biriniň kuwwaty 12 megawat bolan 42 sany ýel turbinalar toplumyndan ybaratdyr.
Taslama amala aşyrylanda çuň suwly ýerleriň çylşyrymly geologiýasy, ýygy-ýygydan bolup durýan adatdan daşary deňiz şertleri we kenardan uzak aralykdaky gurluşyk ýaly kynçylyklar ýeňlip geçildi.
Innowasiýalar turbinalaryň çylşyrymly çuň suwly geologik şertlerde ygtybarly we durnukly işlemegini üpjün etmek üçin, Hytaýda öz görnüşindäki iň beýik bolan, beýikligi 83,9 metre ýetýän dört sütünli direg gurnamalarynyň ulanylmagyny öz içine alýar.
«Hytaýyň “BeiDou” nawigasiýa hemrasy ulgamy arkaly biz deňziň düýbünde sütünleri kakmagyň millimetr takyklygyna ýetmäge mümkinçilik berýän ýokary takyklyga eýe bolan tehnologiýasyny işläp düzdük. Akylly kömekçi kakma tehnologiýasynyň kömegi bilen bir turbinanyň iş wagty 48 sagatdan 29 sagada çenli gysgaldy. Ýel bekedi doly kuwwatyna eýe bolanda, ýylda takmynan 1,7 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasyny öndürer, bu bolsa ýylda takmynan 500 000 tonna standart kömür tygşytlamaga mümkinçilik berer» — diýip, «China Huaneng Group Co., Ltd.» kompaniýasynyň taslama ýolbaşçysy Wan Szinsou belledi.
Mundan başga-da, dronlary we emeli magnit meýdanlaryny utgaşdyrýan bilelikdäki iş tehnologiýasy işçilere 95,6 kilometr uzynlygyndaky örän uzyn suwasty kabel geçirijileri çekmek işini tamamlamaga mümkinçilik berdi.
Taslama elektrik energiýasyny öndürmek üçin 7-nji ýanwarda umumy ulgama birikdirildi. Ýurduň demirgazyk we günbatar sebitlerindäki giň gerimli gury ýer ýel desgalary hem-de gündogar kenarýakasynda çalt giňelýän deňiz taslamalary saýasynda, Hytaýyň ýel energetikasy diňe bir millionlarça öý hojalyklaryny arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmakda hem möhüm orun eýeleýär.
Şu ýylyň mart aýynda Tebigy serişdeler ministrligi tarapyndan çap edilen maglumatlara görä, Hytaýyň deňiz ýel energetika desgalarynyň täze gurlan we umumy kuwwaty dünýädäki görkezijiniň ýarysyndan gowragyny düzýär.







