Dünýäniň iň belent dag demir ýoly: ekoulgamy goramak we Tibeti ösdürmek

Aprel 08, 2026 | 23:04 |68
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Dünýäniň iň uzyn we belent dag demir ýoly bolan Sinhaý – Siszang demir ýoly sebitiň gowşak belent dag ekoulgamyny goramakda möhüm orun eýeledi, şeýle hem ýerli ilata ykdysady we durmuş taýdan peýda getirdi.

Gurluşygy takmynan elli ýyl dowam edip, 2006-njy ýylda ulanmaga berlen bu demir ýol, Sinhaý welaýatynyň Sinin şäherini Siszang awtonom sebitiniň Lhaso şäheri bilen birleşdirýär.

Häzirki wagtda ýolagçylar otly «dünýäniň depesinden» geçip barýarka, haýrana galdyrýan görnüşleri synlap bilýärler. Emma bu gözel görnüşleriň aňyrsynda demirýolçylaryň öz işine bolan köp ýyllyk yhlasy ýatyr.

Demir ýoluň tehniki hyzmat ediş işgäri He Çziszýun demir ýoluň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek işine köp ýyllaryny sarp etdi. Onuň iş ýolunyň başynda ol we kärdeşleri örän agyr şertleri ýeňip geçmeli boldular.

«Bu örän kyn boldy. Biz çadyrda ýaşadyk. Işleýän wagtym meniň kelläm we bedenim guma bulaşýardy. Irdenlerine gözlerimize we burnumyza gum dolýardy» — diýip, ol ýatlaýar.

Häzirki wagtda ugruň agramly bölegi elektriklleşdirildi, bu bolsa ulag zerurlyklaryny daşky gurşawy goramak bilen sazlaşdyrmaga çalyşýan döwrebap inženerçiligiň alamatydyr.

Gara boýunly durnalaryň ýaşaýyş gurşawyny saklap galmak üçin ugruň käbir bölekleri üýtgedildi, ýoluň birnäçe bölegi bolsa tibet antilopalarynyň belentlikde bökdençsiz gezip bilmegi üçin ýokary galdyryldy.

«Biz ýerli ekoulgamy goramak üçin demir ýol gurdyk. Janly-jandarlaryň geçip bilmegi üçin köp ýerlerde köpri gurdyk. Ýerli ýabany tebigat häzirki wagtda uly derejede goralýar we biziň demir ýolumyzyň aşagyndan geçip bilýär, şeýlelikde, biz ekoulgamy netijeli goraýarys» — diýip, Sinhaý-Siszang demir ýolunyň işgäri Li Çenszýun aýtdy.

Demir ýoluň wekilleri daşky gurşawy goramagyň möhümdigini we onuň ýeke-täk ileri tutulýan ugur däldigini mälim etdiler; olaryň esasy maksady — oba ilatyny birleşdirýän we adamlary bir ýerden başga ýere netijeli daşaýan howpsuz hem-de ygtybarly gatnaşygy üpjün etmekdir.

Her ýyl bu ugur boýunça millionlarça ýolagçy syýahat edýär we ol sebitiň ykdysady sütünine öwrüldi. Işçiler bilen birlikde syýahatçylar hem bag ekmek we ýollaryň çäge süýşmelerinden dykylmagynyň öňüni alýan çäge germewlerini gurnamak ýaly çäreleriň hem daşky gurşawy, hem-de demir ýola bagly bolan ilatly nokatlary goraýandygyna düşünýärler.

«Demir ýoly ösdürmek bilen bir wagtda suwy we ýaşyl daglary gorap saklamak bu ýerdäki her bir adamyň kalbynda çuňňur orun aldy. Bu olaryň ähli işlerinde görünýär, bu düşünje örän çuň kök urdy» — diýip, Li Çenszýun aýtdy.


Beýleki habarlar