Hytaý emeli aň esasynda elektron söwdany ösdürmegi höweslendirýär

Hytaý emeli aňy (EA) ulanmak arkaly elektron söwdany ösdürmek boýunça esasy görkezmeleri çap etdi. Bu başlangyjyň maksady — hakyky ykdysadyýete has netijeli hyzmat etmekdir.
Duşenbe güni Hytaýyň Söwda ministrligi beýleki bäş döwlet edarasy bilen bilelikde bu görkezmeleri çap etdi. Edaralar elektron söwda pudagynda işleýän kompaniýalary ylmy-barlag we ösüş işlerini işjeňleşdirmäge, şeýle hem emeli aňyň uly dil modellerini giňden ornaşdyrmaga çagyrýar. Bu çäreler ulanyjy tejribesini gowulandyrmaga, amaly çykdajylary azaltmaga we paýlaýyş işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Mundan başga-da, görkezmelerde birnäçe möhüm düzgünler hem bar. Hususan-da, algoritmleriň işleýşi üçin deňagramly kadalary ornaşdyrmagyň zerurdygy bellenilýär. Şeýle hem häkimiýet edaralary tehnologiýalar bilen bagly intellektual eýeçiligiň hukuk goragyny güýçlendirmegi we elektron söwda bilen bagly jedellerde hukuk eýeleri üçin subutnama ýüküni ýeňilleşdirmegi meýilleşdirýär.
Bu başlangyç elektron söwda pudagynda sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça has giň tagallalaryň bir bölegi bolup durýar.







