Ýangyç nyrhlarynyň gymmatlamagy bilen Hytaýyň elektromotosikllerine we elektrowelosipedlerine bolan isleg artýar

Hytaýyň iki tigirli elektrik ulaglary daşary ýurt bazarlarynda barha meşhur bolýar. Munyň sebäbi, geosyýasy gapma-garşylyklar netijesinde nebitiň halkara nyrhlarynyň ýokarlanmagydyr.
Szinhua şäherindäki (Gündogar Hytaýdaky Çžeszýan welaýaty) elektrowelosiped öndürýän kompaniýa eksport buýurmalaryny gysga wagtda ýerine ýetirmäge çalyşýar. Kompaniýanyň direktorynyň orunbasary Lýu Dunyň sözlerine görä, buýurmalaryň göwrümi ep-esli artdy. Diňe mart aýynda 6 müňden gowrak elektrowelosiped eksport edildi, aprel aýynda bolsa 7 müňden gowrak ulagy ugratmak meýilleşdirilýär. Öndüriş buýurmalary eýýäm iýul aýyna çenli bellenip goýuldy.
Szýanmen şäherindäki (Günorta Hytaýdaky Guandun welaýaty) elektromotosikl öndürýän kompaniýanyň wekili Günorta-Gündogar Aziýa bazaryndaky önüm gorlarynyň tas doly satylyp gutarandygyny we gyssagly täzelenmelidigini habar berdi. Kompaniýanyň direktorynyň orunbasary Den Szançaň, mart aýyndan bäri nebit nyrhlarynyň gymmatlamagy bilen önümleriň sarp edijileriň arasynda örän meşhur bolandygyny we häzirki wagtda sebitdäki ammarlarda önümleriň ähli görnüşleriniň gutarandygyny belledi.
Ýerli elektromotosikl öndürýän kompaniýanyň halkara söwda bölüminiň menejeri Çžan Linsin islegiň artandygyny tassyklady: mart aýyndan bäri ol geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30 göterim ýokarlandy.
Gaoşa gümrük gözegçilik bölüminiň başlygy Li Wen, mart aýynda Szýanmen kärhanalarynyň 25 million ýuandan (takmynan 3,6 million ABŞ dollary) gowrak bolan elektrowelosipedleri, motosiklleri we ätiýaçlyk şaýlaryny eksport edendigini belledi. Bu geçen ýylyň şol döwründäkiden 1,4 esse köpdür.
Nebit nyrhlarynyň ýokarlanmagy geosyýasy ýagdaý bilen baglanyşyklydyr: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar köp ýurtda suwuklandyrylan gazyň gytçylygyna getirdi. Muňa nebit daşamak üçin esasy ugruň — Ormuz bogazy arkaly deňiz gatnawlarynyň azalmagy sebäp boldy. Deňiz ýolunyň ýapylmagy zerarly dünýäde nebit nyrhlary çalt ýokarlandy.







