Hytaýda wodorod turbowint hereketlendirijili uçarmansyz ýük uçary ilkinji uçuşyny amala aşyrdy

Şenbe güni Hytaýyň merkezi bölegindäki Hunan welaýatynyň Çžuçžou şäheriniň howa menzilinde agramy 7,5 tonna bolan uçarmansyz ýük uçary ilkinji üstünlikli uçuşyny amala aşyrdy. Uçar Hytaýda işlenip taýýarlanan, megawatt derejeli AEP100 turbowint hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr we ol wodorod ýangyjy bilen işleýär. Bu bolsa şeýle derejeli turbowint hereketlendirijiniň wodorod ýangyjynda geçirilen dünýäde ilkinji synag uçuşydyr.
Hytaý awiasiýa hereketlendirijileri korporasiýasynyň bilermenleri üstünlikli uçuşyň Hytaýyň wodorod ýangyjyna esaslanýan awiasiýa hereketlendirijileri ugrunda doly tehnologik zynjyry döredendigini tassyklaýandygyny bellediler. Bu zynjyr esasy bölekleriň öndürilmeginden başlap, hereketlendirijiniň doly integrasiýasyna çenli ähli tapgyrlary öz içine alýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu üstünlik awiasiýada wodorod energiýasynyň senagat derejesinde ulanylmagy üçin berk esas döredýär.
Şeýle hem bilermenler ekologiýa taýdan arassa wodorody öndürmegiň çykdajylary peseldikçe, wodorodly awiasiýa hereketlendirijileriniň has tygşytly boljakdygyny we energiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrjakdygyny bellediler. Garaşylyşy ýaly, bu tehnologiýa ilkinji nobatda pes beýiklikde uçýan awiasiýa pudagynda ulanylar — mysal üçin, uçarmansyz ýük daşamalarynda we ada logistikasynda.
Soňra bolsa ol kem-kemden sebit we uzak aralyga uçýan uçarlar üçin giňeldiler.
Täze tehnologiýa senagat klasterleriniň döwrebaplaşmagyna hem itergi berer. Bu ýerde ekologiýa taýdan arassa wodorody öndürmek, ony saklamak we daşamak, şeýle hem ulag we ýangyç guýuş infrastrukturasyny ösdürmek, ýokary tehnologiýaly enjamlary we täze materiallary döretmek ýaly ugurlar göz öňünde tutulýar. Netijede, bu ýagdaý Hytaýyň awiasiýa pudagynyň ekologiýa taýdan arassa, pes uglerodly we ýokary hilli ösüşini üpjün etmäge kömek eder.







