Hytaý pikaplarynyň eksporty rekordlary täzeleýär, ýöne öndürijiler kuwwatlyklaryny artdyrmagy dowam etdirýärler

Aprel 06, 2026 | 22:11 |71
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň pikap öndürijileri önümçiligi giňeldýärler we daşary ýurtlara ugratmalary çaltlandyrýarlar — eksport rekord derejelerden hem geçýär.

2025-nji ýylda Hytaýda satylan pikaplaryň ýarysyndan gowragy — takmynan 300 müň sanysy — daşary ýurtlara iberildi. 2026-njy ýylyň başyndaky maglumatlar eksport boýunça ýokary ösüşiniň henizem dowam edýändigini tassyklaýar.

Hytaýyň gündogaryndaky Szýansu welaýatynyň Ýanžou portunda işçiler Meksika ibermek üçin 1 500 sany pikapy konteýnerlere ýüklediler. Bu syýahat takmynan 40 gün dowam eder.

«Yangzhou Yuanyang Terminal International Ports Co» kompaniýasynyň marketing bölüminiň işgäri Lýu Gen şu ýyl Ýanžou portundan ugradylan konteýnerli ýük awtoulaglarynyň umumy möçberiniň takmynan 6 müň TEU-a, ýagny 18 müň birlige ýetendigini habar berdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16 göterim ýokarydyr.

«Chang’an Automobile» kompaniýasy Çunsin şäherindäki öz ählumumy ylmy-barlag merkezinde daşary ýurt bazarlary üçin pikaplaryň üç modelini tanyşdyrdy. Öndüriji täjirçilik, maşgala we syýahatçylyk ulaglaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak üçin dürli ölçegdäki we nyrh derejesindäki onlarça görnüşi hödürleýär.

«Chang’an Automobile» kompaniýasynyň pikaplar boýunça taslama direktory Şen Çi 2025-nji ýylda eksportyň ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterimden gowrak artandygyny aýtdy. 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlaryndaky sargytlar bolsa geçen ýylyň degişli döwründen 38 göterimden hem köp ösüş görkezdi. Ýylyň ikinji ýarymy pikaplar üçin iň gyzgalaňly möwsüm bolandygy sebäpli, kompaniýa tutuş ýyl boýunça ösüşiň 40 göterimden geçjekdigine garaşýar.

Ösýän eksport islegini kanagatlandyrmak üçin Hytaýda pikap pudagyndaky önümçilik kuwwatlyklary giňeldilýär. Usi şäherindäki (Szýansu welaýaty) «SAIC Maxus» zawodynda awtoulaglar konweýerden çykmazdan ozal ştamplama, kebshirleme, boýag we gutarnykly gurnama tapgyrlaryndan geçýärler.

Zawodyň direktory häzirki önümçilik ugrundaky pikaplaryň 90 göteriminden gowragynyň eksport üçin, şol sanda Awstraliýa, Ýewropa we Latyn Amerikasyna ugratmak üçin niýetlenendigini habar berdi. 2026-njy ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda kompaniýa eksport ugurlarynyň sanawyna 20-ä golaý täze ýurdy we sebiti goşdy.

«SAIC Motor International» kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary Çžao Aýmin kompaniýanyň Afrikada (şol sanda Günorta we Demirgazyk Afrikada), şeýle hem ASEAN we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda gazanan üstünliklerini belledi. Käbir modeller üçin sargytlar eýýäm maý-iýun aýlaryna çenli resminalaşdyryldy. Ösýän islegi kanagatlandyrmak üçin kärkhana iki çalşykda işleýär.

Beýleki habarlar