Ninbo – Çžouşan portunda ýanwar-fewral aýlarynda ýük dolanyşygynyň çalt ösüşi hasaba alyndy
Aprel 06, 2026 | 22:09 |51

Şu ýylyň ilkinji iki aýynda Hytaýyň gündogaryndaky Çžeszýan welaýatynda ýerleşýän Ninbo – Çžouşan porty takmynan 8 million ýigrimi futlyk ekwiwalent birligini (TEU) işläp taýýarlady. Ninbo gümrükhanasynyň habar bermegine görä, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19,8 göterim köpdür.
Ýanwar-fewral aýlarynda işlenip taýýarlanylan ýükleriň möçberi 245 million tonna ýetdi, bu bolsa bir ýyl ozalkysyndan 7,3 göterim köpdür.
Häzirki wagtda Ninbo – Çžouşan porty 300-den gowrak konteýner ugruna hyzmat edýär. Olar 200-den gowrak ýurtda we sebitde ýerleşýän 700-den gowrak porty biri-biri bilen baglanyşdyrýar.







