Hytaýda demir ýol ýük daşamalary: 10 aýda rekord görkeziji
Noýabr 23, 2025 | 18:00 |53

Hytaýyň “China State Railway Group” döwlet demir ýol operatorynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ilkinji on aýynda demir ýol arkaly ýük daşamalary rekord derejä ýetdi. Şeýlelikde, ýanwar–oktýabr aýlarynda 3,378 mlrd tonna ýük daşaldy, bu bolsa geçen ýylky bilen deňeşdirilende 3% köpdir.
Täze halkara gury ýer deňiz söwda geçelgesinden 1,2 million TEU (Twenty-foot Equivalent Unit) geçirildi we serhetüsti ýük daşamalary 64% ösüş görkezdi.
Hususan-da metallurgiýa önümleriniň (+9,1%) we dänäniň (+13,8%) demir ýol bilen daşalmagy ep-esli artdy. Ýük daşamalarynyň durnukly ösüşi logistika çykdajylarynyň peselmegine hem-de ykdysady durnuklylygyň güýçlenmegine ýardam etdi.







