Hytaý kosmos hasaplamalary senagatyny ösdürmegini we berkitmegini dowam etdirýär

Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi ýurduň kosmos hasaplamalary senagatyny ösdürmegini we berkitmegini dowam etdirjekdigini mälim etdi.
Kosmos hasaplamalarynyň kuwwaty diýmek, hasaplama mümkinçilikleriniň kosmosda ýerleşdirilmegini we üznüksiz aragatnaşyk örtügini üpjün etmek üçin hemra ulgamlarynyň ulanylmagyny aňladýar. Adaty ýerüsti maglumat işleme merkezleri bilen deňeşdirilende, kosmos hasaplamalarynyň orbitada maglumatlary hakyky wagt tertibinde işläp bilmek, pes energiýa çykdajysy we giň meýdany gurşap almak ýaly artykmaçlyklary bar.
«Hasaplama hemralary üznüksiz örtügi üpjün edip, maglumatlary lazer aragatnaşyk ulgamlary arkaly göni orbitanyň özünde işläp bilýär. Bu bolsa tebigy betbagtçylyklar barada duýduryş bermek we serişdelere gözegçilik etmek ýaly ýagdaýlarda maglumatlary işlemek wagtyny sagatlardan sekuntlara çenli gysgaldýar. Bu mümkinçilikler ýerüsti hasaplamalar üçin elýeterli däldir» — diýip, Hytaýyň maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary akademiýasynyň Bulut hasaplamalary we uly maglumatlar institutynyň Maglumaty gaýtadan işlemek merkezleri bölüminiň direktorynyň orunbasary Se Lina aýtdy.
Ministrlik degişli edaralaryň kosmos hasaplamalary ugrunda geljegi uly bolan ylmy-barlag işlerini işjeň alyp barmaklaryna goldaw berer. Şeýle-de, enjam we programma üpjünçiligini, ulgamlary, howpsuzlygy we beýleki ugurlary öz içine alýan standart ulgamyny kem-kemden döreder hem-de hemralar üçin radiasiýa durnukly çipler we hemralaraçara lazer aragatnaşygy bilen bagly tehnologiýalaryň we önümleriň işlenip düzülmegini öňe sürer.







