Hytaýyň demir ýollary Sinmin baýramçylygynyň bäş gününiň dowamynda 90,5 million ýolagçy daşar

Milli demir ýol kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, anna güni başlanýan Sinmin baýramçylygy döwründe iň ýokary ýolagçy akymy bolan bäş günüň dowamynda Hytaýyň demir ýollary 90,5 million ýolagça hyzmat eder diýip garaşylýar.
Sinmin baýramçylygy, ýagny ata-babalary hatyralama güni, şu ýyl 5-nji aprele gabat gelýär. Bu milli hytaý baýramçylygy aradan çykanlary ýatlamak we ata-babalara hormat goýmak bilen baglydyr. Şeýle hem bu baýram adamlara tebigatda dynç almak we gezelenç etmek üçin gysga möhletli dynç berýär.
Şu ýyl baýram köp şäherlerde başlangyç we orta mekdepleriň ýazky dynç alyş döwri bilen gabat gelýär, bu bolsa syýahatçylyk möwsümini uzaldýar.
Szýansu, Çžeszýan, Anhoý ýaly welaýatlarda başlangyç we orta mekdepler üç günlük ýazky dynç alyşy meýilleşdirdi. Bu dynç alyş Sinmin baýramçylygy bilen bilelikde jemi alty gün dowam edýär.
Ýolagçy akymynyň artmagyna garşy durmak üçin demir ýol edaralary Pekin–Guançžou, Pekin–Şanhaý we Pekin–Harbin ugurlary ýaly iň köp ulanylýan liniýalarda ýokary tizlikli ýatylýan otlylary işe goýberdi. Günde ortaça 13 müňden gowrak şeýle otlynyň gatnadylmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem goşmaça wagtlaýyn otlylar girizildi.
Baýramçylyk günlerinde ýokary tizlikli awtomagistrallarda ulaglaryň sany günde 61 milliondan hem geçip biler, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 3 göterim köpdür.
Ulag akymynyň iň ýokary derejesi şenbe güni, üç günlük baýramyň ilkinji gününde garaşylýar. Şol gün ýurt boýunça günde ortaça 64,5 million ulag hereket eder diýlip çaklanylýar.
Ýol hereketleriniň takmynan 23 göterimi elektrik ulaglaryna degişli bolar. Şeýle ulaglaryň gündelik sany 14 milliona ýetip, geçen ýylky degişli döwre garanyňda 29 göterim artar.
Ýurduň ýokary tizlikli awtomagistrallaryndaky hyzmat zolaklarynyň 90 göteriminden gowragy elektrik ulaglary üçin çalt zarýad beriş stansiýalary bilen üpjün edilendir.
Hytaýyň deňiz howpsuzlygy müdirliginiň maglumatlaryna görä, baýramçylyk döwründe suw ýollary arkaly ýolagçy gatnawy 13,6 göterim artyp, 4,035 milliona ýetjekdir.







