Hytaý we Germaniýa Eýrandaky krizisiň fonunda strategik hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar

Hytaýyň daşary işler ministri Wan I penşenbe güni Pars aýlagy döwletleriniň özygtyýarlylygynyň we howpsuzlygynyň hormatlanylmalydygyny, parahat ilatyň we harby däl desgalaryň zerur goragy almalydygyny aýtdy. Şeýle hem ol gämi gatnaw ýollarynyň, energetika we infrastruktura desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Bu sözler Germaniýanyň daşary işler ministri Ýohann Wadeful bilen geçirilen telefon gürrüňdeşliginde aýdyldy — taraplar Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýohann Wadeful Eýrandaky ýagdaýyň çynlakaý we çylşyrymlydygyny, onuň dünýäniň ykdysady, energetika we azyk howpsuzlygyna uly täsir ýetirýändigini aýtdy. Onuň pikirine görä, konfliktiň tiz wagtda bes edilmegi halkara jemgyýetçiligiň umumy bähbitlerine laýyk gelýär. Ministr Germaniýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny goldaýandygyny we Hytaý bilen Pakistan tarapyndan öňe sürlen Pars aýlagy we Ýakyn Gündogar sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmek boýunça bäş maddaly başlangyja uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Şeýle hem ol Germaniýanyň Hytaý bilen aragatnaşyklary we hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy hökmünde hem Wan I Hytaýyň berk garaýşyny beýan etdi. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Ysraýylyň Eýrana garşy amala aşyran harby zarbalarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan tassyklanmandygyny we halkara hukugyny aç-açan bozandygyny aýtdy.
Wan Iniň aýtmagyna görä, Hytaý bilen Germaniýa jogapkär uly döwletler hökmünde obýektiw we bitarap garaýşy saklamaly, konstruktiw orun tutumaly we urşy tiz wagtda düzgünleşdirmäge, şeýle hem sebitde parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmäge ýardam bermeli.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça hem pikir alyşdylar. Olar Germaniýanyň kansleri Fridrih Mersiň Hytaýa amala aşyran saparynyň netijelerini durmuşa geçirmegi, strategik hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi, özara ynanyşmagy ýokarlandyrmagy we Hytaý bilen Germaniýanyň arasynda giň gerimli strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etmegi barada ylalaşdylar.







