Žunweý çölleşmä garşy — ýüzlerçe müň gektary özleşdirmek we Sary derýanyň boýundaky ýaşyl zolak

Aprel 03, 2026 | 21:23 |59
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý özüniň ululygy boýunça dördünji çöli — Tengerde çölleşmäge garşy çäreleri güýçlendirýär. Hususan-da, çöliň araçägi boýunça çägäni saklamak üçin sypaldan edilen küşt tagtasy görnüşindäki germewler döredilýär.

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Ninsýa-Hueý awtonom raýonynda ýerleşýän Žunweý şäheriniň 2 müňe golaý ýaşaýjysy giň gerimli çärä gatnaşdy. Olar sypaldan edilen küşt tagtasy görnüşindäki setirleri gurnadylar — bu Hytaýyň “ene derýasy” diýlip atlandyrylýan Sary derýa golaý bolan Tenger çölüň böleginde süýşýän çäge depejiklerini saklamagyň adaty usulydyr.

Çärä gatnaşyjylar toparlara bölündiler. Olaryň bir topary guraklyga çydamly gyrymsy agaçlary ekdiler, beýleki toparlary ýerli howa şertlerine çydamly otlaryň tohumlaryny sepdiler, üçünji bir topary bolsa çölüň ýüzünde sypaldan küşt tagtasy şekillinde germewleri gurnadylar. Bu çäreler çägäni durnuklaşdyrmaga we ýel eroziýasynyň öňüni almaga kömek edýär. Sypallary gatnatmak üçin bolsa dronlar ulanyldy.

Žunweý Tenger çölüniň günorta-gündogar böleginde ýerleşýär we Sary derýa bilen araçäkleşýär. Şäher çölleşmäge garşy göreşde iň öňdäki hatarlarda durýar. Geçen ýyllaryň dowamynda çölüň gyrasy boýunça 153 kilometrlik çägeden goraýjy ýaşyl zolak döredildi. Muňa sebitara hyzmatdaşlygy, öňdebaryjy ylmy we tehnologiki çözgütleri ornaşdyrmak hem-de çägäniň süýşmegine garşy göreşiň netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly ýetildi.

Görülen çäreleriň netijesinde, umumylykda 146 müň gektar çölleşen ýer üstünlikli özleşdirildi. Žunweý şäheriniň Tebigy serişdeler býurosynyň direktorynyň orunbasary Li Çuan şu ýyl çölüň ýene 130 müň gektardan gowrak meýdanyny özleşdirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Toplumlaýyn çäreleriň çäginde çägäni inženerçilik usuly bilen saklamak, zaýalanan tokaýlary we öri meýdanlaryny dikeltmek, şeýle hem germewli ýerleri döretmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ýaşyl zolagy has-da giňeltmäge we çölüň araçäklerini has netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berer.

Hytaý çölleşmäge garşy ählumumy göreşe işjeň gatnaşýar. 1994-nji ýylda BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna goşulanyndan bäri, ýurt ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almakda we çölleşme garşy göreşmekde öňdebaryjy orny eýeläp gelýär. Mundan başga-da, Hytaý çägä garşy göreşmek ulgamynda öz tejribesini, tehnologiýalaryny we hünärmenlerini beýleki döwletler bilen paýlaşýar.

Beýleki habarlar