Erenhot demir ýol porty Hytaý Halk Respublikasy – Ýewropa ugrunda otly gatnawlaryny amala aşyrmakda täze rekordy goýdy

Aprel 03, 2026 | 20:25 |65
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Ýylyň birinji çärýeginde Erenhot demir ýol porty ýük otlyaryna hyzmat etmekde rekord derejä ýetdi. Hytaý – Ýewropa demir ýol ugrunyň “orta geçelgesinde” esasy merkez bolup durýan bu port 1 145 gatnawy amala aşyrdy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22,3 göterim köpdür.

Erenhot (Eren-Hoto) — Içki Mongoliýada, Hytaý bilen Mongoliýanyň serhedindäki iň uly gury ýer portudyr. Ol Hytaý we Ýewropa arasyndaky ýük daşamalaryny guramakda möhüm orun eýeleýär.

Port arkaly ýük daşamalarynyň möçberi hem ep-esli artdy. Ilkinji üç aýyň dowamynda ol 110 müň 200 sany ýigrimi futlyk ekwiwalentli konteýneri (TEU) we 946 400 tonna ýüki gatnatdy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, bu görkezijiler degişlilikde 14,6 göterim we 19,7 göterim ýokarlandy.

Demir ýol ulgamy «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny durmuşa geçirmekde möhüm platforma bolup hyzmat edýär. Ol günbatar, gündogar hem-de orta geçelgeleri öz içine alýar we soňky ýyllarda tutuş Ýewraziýa boýunça öz täsirini giňeldýär. Ýanwar aýynda Russiýanyň Solombarka stansiýasy bilen Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynyň Weýszýa şäherini Erenhot arkaly birleşdirýän täze ugur işe girizildi. Munuň netijesinde umumy ugurlaryň sany 75-e ýetdi.

Häzirki wagtda bu ulgam Germaniýa we Polşa ýaly 10-dan gowrak ýurtdaky 70-den gowrak logistika merkezlerini birleşdirýär. Mundan başga-da, ol Hytaý — Ýewropa ugruna ýük otlylaryny ugradýan Hytaýyň iri şäherleriniň köpüsi bilen aragatnaşygy üpjün edýär.

Beýleki habarlar