Pekinde Hytaý bilen Gazagystanyň arasynda medeni alyş-çalyş ýyly açyldy

Sişenbe güni Pekinde Hytaý bilen Gazagystanyň arasynda medeni alyş-çalyş ýyly açyldy. Iki ýurduň artistleri bir sahnada çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary dabaralandyrýan saz, tans we moda maksatnamasyny hödürlediler.
Açylyş dabarasynda Hytaýyň we Gazagystanyň sungat ussatlary bilelikde halk aýdymlaryny, estrada aýdymlaryny we tanslaryny ýerine ýetirdiler, şeýle hem moda görkezilişini geçirdiler.
Bu çykyşlar iki ýurduň medeniýetde gazananlaryny görkezdi we hytaý-gazak medeni alyş-çalyşygynyň netijelerini aýdyňlaşdyrdy.
«Hytaý bilen Gazagystanyň arasynda medeni alyş-çalyş ýylynyň açylyş dabarasy ýönekeý we nepis usulda bezeldi. Maksatnama iki ýurduň artistleriniň çykyşlaryny öz içine alyp, olar biri-biriniň eserlerini ýerine ýetirdiler. Bu çäre artistleriň arasyndaky özara düşünişmegi çuňlaşdyrdy, medeni alyş-çalyşyga ýardam etdi hem-de iki halkyň arasyndaky dostlugy we iki ýurduň özara gülläp ösüşi berkitdi» diýip, açylyş dabarasynyň baş režissýory Şan Çun aýtdy.
«Men artistlerimiziň we ýaşlarymyzyň dürli görnüşlerde tejribe alyşmagy dowam etdirip biljekdiklerine we özara düşünişmek köprüsini gurjakdyklaryna ynam bildirýärin» diýip, hytaýly aýdymçy Tan Weýweý aýtdy.
Bu çäre Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi hem-de Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministrligi tarapyndan bilelikde guraldy.
Ýylyň dowamynda iki ýurt hem tematiki çykyşlary, sergileri, bilelikdäki arheologik çäreleri we çeperçilik maslahatlaryny geçirerler.







