Hytaý tehnologik innowasiýalara gönükdirilen maliýe goldawyny artdyrmagy wada berýär

Hytaý sişenbe güni geçirilen tehnologiýa we maliýe boýunça tejribe alyşmak hem-de öňe ilerletmek maslahatynda resmi wezipeli adamlaryň bellemegine görä, tehnologik innowasiýalara gönükdirilen maliýe goldawyny güýçlendirmegi, şol sanda bank karzlaryny giňeltmegi meýilleşdirýär.
Hytaýyň Halk banky, Ylym we tehnologiýaдфк ministrligi we beýleki edaralar tarapyndan bilelikde guralan maslahatda çykyş eden resmi wekiller ýurduň maliýe üpjünçiligi ulgamynda gurluşlaýyn özgertmeleri çuňlaşdyrmagy dowam etdirjekdigini, innowasiýalara gönükdirilen ylmy-tehnologik maliýeleşdiriş ulgamyny çaltlaşdyrjakdygyny we ylmy-tehnologik taýdan kuwwatly döwlet gurmaga goldaw bermek üçin has ýokary hilli maliýe hyzmatlaryny hödürlejekdigini aýtdylar.
Hytaýyň Halk bankynyň başlygy Pan Gunşeniň aýtmagyna görä, 2025-nji ýylda ýokary tehnologiýa pudagynda işleýän kiçi we orta kärhanalar üçin karz hyzmatlarynyň möçberi artdy, obligasiýa bazarynda “tehnologik platformalaryň” sany çalt köpeldi, wençur maýasy we hususy maýa goýumlary ep-esli ýokarlandy, şeýle hem tehnologik innowasiýalar üçin maliýe hyzmatlarynyň hili we netijeliligi ýokarlandy.
«Karzlaşdyrma barada aýdanymyzda, ýokary tehnologiýa pudagyndaky kiçi we orta kärhanalara berlen karzlaryň möçberi 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ýyllyk hasapda 19,8% ýokarlandy we üçünji ýyl yzly-yzyna takmynan 20% ösüş depgini saklandy. Ylmy-tehnologik innowasiýa obligasiýalarynyň umumy goýberilişi 2,1 trillion ýuana (takmynan 305,59 milliard ABŞ dollary) ýetdi, onuň 1,2 trillion ýuany banklar arasyndaky bazarda ýerleşdirildi. Biz maliýe hyzmatlarynyň hünär derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrarys we ylmy-tehnologik ugurda döwlet tarapyndan goldanylýan maliýe gurallarynyň ornuny doly peýdalanarys», — diýip, Pan aýtdy.
Hytaýyň gymmatly kagyzlar boýunça gözegçilik komissiýasynyň wekilleriniň bellemegine görä, Nasdaq-a meňzeş Hytaýyň ylmy-tehnologik innowasiýa biržasy — STAR bazary hem degişli ugurlary goldamak üçin has köp maýa gönükdirdi.
Häzirki wagtda STAR bazarynda 600-den gowrak kompaniýa hasaba alnyp, olaryň üsti bilen jemi 960 milliard ýuan maýa çekildi diýip, biržanyň wekilleri habar berdiler.
Şanhaý we Şençžen gazna biržalarynda strategiki taýdan möhüm ösýän pudaklarda işleýän kompaniýalar häzirki wagtda umumy bazar maýalaşdyrmasynyň 40%-den gowragyny düzýär diýip, olar bellediler.
«Biz başlangyç tapgyrdaky, kiçi göwrümli, uzak möhletli we ýokary tehnologiýaly taslamalara gönükdirilen maýa goýum ulgamyny goldamagy dowam etdireris hem-de maýa, zehin, tehnologiýalar we maglumat ýaly innowasion serişdeleri kärhanalaryň bähbidine birleşdirmäge ýardam bereris», — diýip, Ylym we tehnologiýalar ministri In Heszýun aýtdy.







