Hytaýyň tehnologiýa kompaniýasy emeli aňy bähbitli ulanýar

Noýabr 21, 2025 | 17:37 |101
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň Manycore Tech ady bilen belli öňdebaryjy programma üpjünçilik kompaniýasy, adamlara-da, enjamlara-da deň derejede hyzmat edip biljek has kämil ulgamlary döretmegi maksat edinip, içine emeli aň ornaşdyrylan sanly tehnologiýasyny ösdürýär. 2011-nji ýylda Hançžouda esaslandyrylan bu kompaniýa, DeepSeek we Unitree ýaly ady belli kompaniýalaryň hatarynda, şäherde “kiçijik alty aždarhalaryň” biri hökmünde tanalmak bilen, bu Hytaýyň tehnologiýa kuwwatynyň barha artýandygynyň ýene bir mysalydyr

Manycore Tech kompaniýasy 2013-nji ýylda, öý bezegleri we dizaýn pudaklarynda giňden ulanylýan, özüniň Coohom programma üpjünçiligini işe girizmek bilen uly at aldy. Bary-ýogy 10 sekuntda 3D dizaýnlary taýýarlaýan platforma pudakdaky programmalar bilen sazlaşykly işläp bilýän maglumat binýadyny döretdi. Kompaniýanyň sanly ekizler tehnologiýasy, dizaýnerlere öz işläp taýýarlan taslamalarynyň nähili öndüriljekdigini synagdan geçirmäge hem-de sanly ulgam ornaşdyrylan kärhanalaryň önümçilik ýörelgelerini awtomatiki usulda döretmäge mümkinçilik berýän edil şu wagtky maglumatlary wirtual gurşawlarda simulýasiýa etmäge mümkinçilik berýär.

Şu esasda Manycore Tech kompaniýasy öz önümçiligi giňeldip, emeli aňy ornaşdyrdy. Kompaniýanyň SpatialTwin atly sanly ekizler platformasy robotlar üçin wirtual okuw meýdançasy hökmünde hyzmat edýär. Şol sanda robot manipulýatorlary, özbaşdak hereket edip bilýän we beýleki awtomatlaşdyrylan ulgamlar, edil şu wagt işläp duran kärhana gurşawyna howpsuz geçmezden öň bilelikdäki simulýasiýalary geçirmäge mümkinçilik berýär.

“Manycore Tech kompaniýasynyň innowasiýalary Hytaýdaky täze özgerişlikleri görkezýär, emeli aň we sanly ulgam bolsa pudaklary giňden özgerdýär. Hytaýyň 2024-nji ýyl boýunça Internet Ösüş Hasabatyna görä, ýurtda häzirki wagtda 10000-e golaý sanly ulgama geçirilen “akylly” kärhanalar bar, olaryň 400-den gowragy, emeli aň we sanly tehnologiýalar ornaşdyrylan “akylly” önümçilik standartlary hökmünde ykrar edildi.

Beýleki habarlar