Sýamen — Szinmen «kiçi-üç halka» ugry boýunça ýolagçy akymy 24 million adamdan geçdi

Sýamen şäheri (Hytaýyň gündogaryndaky Fusýan welaýaty) bilen Szinmen adasynyň (Taýwan) arasyndaky «kiçi-üç halka» parom ugry, 25 ýyl mundan ozal ýola goýulanyndan bäri umumy ýolagçy gatnatmakda täze sepgide ýetdi. Sişenbe güni sagat 10:00-daky maglumatlara görä, ýolagçylaryň sany 24 milliondan geçdi.
2001-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda ýola goýlan «kiçi-üç halka» Fusýan welaýaty bilen Taýwanyň Szinmen we Masu adalarynyň arasyndaky göni söwda, poçta we ulag hyzmatlaryny öz içine alýar.
Häzirki wagtda Sýamen-Szinmen ugry boýunça her gün iki tarapa jemi 24 gatnaw amala aşyrylýar. Şu ýylyň başyndan bäri bu ugur boýunça 500 000-e golaý ýolagçy gatnadyldy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 24 göterimden hem köpdür. 9-njy fewralda gündelik ýolagçy gatnawynyň sany 7800-den geçip, 2023-nji ýylda parom gatnawynyň täzeden dikeldilmeginden bäri bir gündäki iň ýokary görkeziji boldy.
Hytaýyň ata-babalary hatyralamak we olary ýatlamak däbi bolan “Sinmin” festiwalynyň öňisyrasynda «kiçi üç halka» parom gatnawy öz dogduk mekanyna dolanýan köp sanly taýwanlylar üçin iň amatly syýahat ýoluna öwrüldi. Şu ýyl bu festiwal 5-nji aprele gabat gelýär.
«Meniň dokduk öýüm Sýamen şäheriniň Tongan etrabynda ýerleşýär. Men ol ýere ata-babalaryma hormat goýmaga barýaryn. Men bu ýol bilen ýygy-ýygydan gatnaýaryn, bu örän amatly. “Kiçi üç halka” hakykatdan-da ajaýyp we elýeterli bolup, Taýwan bogazyndan geçýän syýahatlary örän ýeňilleşdirýär» — diýip, taýwanly ýolagçy Çen aýtdy.
«Men bu ýere syýahat etmäge geldim. Syýahatdan soň bolsa ata-babalaryma hormat goýmaga bararyn. Şonuň üçin men Sýamenden süýji we köke ýaly ýerli nygmatlary alyp gaýdaryn» — diýip, Taýwanly ýene bir ýolagçy hanym U aýtdy.
Sýamen baş immigrasiýa gözegçilik nokadynyň Gaosi serhet geçelgesiniň işgäri Çžan Huasan gümrük amallarynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň ýolagçylar üçin bu işi has-da çaltlandyrandygyny we ýeňilleşdirendigini mälim etdi.
«“Kiçi üç halka” bolan Sýamen-Kinmen ugry, ýarym asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Taýwan bogazyndan geçýän göni deňiz gatnawlarynda taryhy öňe gidişlik boldy. Suw ýollaryndan, paromlardan we terminallardan başlap, gümrük amallaryna çenli yzygiderli kämilleşdirmek işleri Taýwan bogazy arkaly amala aşyrylýan alyş-çalyş amallarynda köp sanly “milli ilkinji üstünlikleri” döretdi. Esasanam, ýurduň deňiz portlary üçin niýetlenen ilkinji interaktiw intellektual gümrük ulgamy, aýry-aýry parom gatnawlaryny barlamagyň netijeliligini 40 göterimden gowrak ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär» — diýip, Çžan belledi.







