Hytaýyň ýeňil senagaty ýanwar–fewral aýlarynda 7% ösüş görkezdi

2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda Hytaýyň ýeňil senagaty durnukly ösüş görkezdi. Bu sarp edijileriň isleginiň artmagy we döwlet goldaw çäreleriniň, şol sanda geçen ýylyň sentýabrynda yglan edilen iki ýyllyk ösüşi durnuklaşdyrmak meýilnamasy bilen baglanşyklydyr. 2025–2026-njy ýyllar üçin meýilnama üpjünçiligi kämilleşdirmek, sarp edişi höweslendirmek, halkara bäsdeşlige ukyplylygy saklamak we senagat ekoulgamyny gowulandyrmak ýaly 15 wezipesi öz içine alýar.
Hytaýyň ýeňil senagat boýunça Milli geňeşiniň maglumatlaryna görä, iri kärhanalaryň goşulan gymmaty ýanwar–fewral aýlarynda ýyllyk hasapda 7% ýokarlandy. Bu görkeziji geçen ýylyň ahyryndaky derejeden hem 1,7 göterim ýokarydyr.
Ýeňil senagatyň esasy önümleriniň 91 görnüşinden 69-synda önümçiligiň ösüşi hasaba alyndy – bu umumy göwrümiň 75%-den gowragyna deňdir. Aýratyn-da plastmassa mebel we akkumulýator önümçiligi pudaklarynda ösüş 20%-den gowrak boldy.
Döwlet tarapyndan sarp edişi höweslendirmek çäreleri oňyn netijeleri berýär. 2024-nji ýylda işe girizilen giňeldilen alyş-çalyş maksatnamasy şu ýyl 323,26 milliard ýuan (46,8 milliard ABŞ dollardan gowrak) möçberinde satuw üpjün etdi. Ýokary energiýa netijelilikli öý tehnikasy we “akylly” äýnekler aýratyn ýokary satuw görkezdi.
Ýeňil senagatyň 11 görnüş boýunça bölek satuwlar ýanwar-fewral aýlarynda 1,5 trillion ýuandan (takmynan 217 milliard ABŞ dollary) geçip, ýyllyk 9,3% ýokarlandy.
Maýa goýum görkezijileri hem oňyn depgini görkezdi. Dokuz esasy pudagyň bäşisinde ösüş hasaba alyndy. Hususanda oba hojalygy, azyk, deri we kagyz senagaty pudaklarynda maýa goýumlar 10%-den gowrak artdy.
Eksport gurluşy hem gowulanýar. Esasy eskport pudaklarynyň 22 sanysynda ösüş gazanyldy. Batareýalaryň we olaryň komponentleriniň eksport depgini aýratyn tapawutlanýar – ýyllyk hasapda 42,6% ýokarlandy, bu bolsa eksport bazarybdaky işjeňligiň ýokarlanýandygyny görkezýär.
Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň ýeňil senagaty döwlet goldawy, içerki islegiň artmagy we eksportyň güýçlenmegi netijesinde durnukly ösüş görkezýär.







