Şanhaý ulag dyknyşyklaryny çözmek üçin emeli aňy ornaşdyrýar

Şanhaýyň ýol hereketini dolandyryş edarasy emeli aň esasynda işleýän täze ulgam ornaşdyrdy. Onuň maksady — ulag akymyny gowulandyrmak we dyknyşyklary azaltmakdan ybaratdyr. Häzirki wagta çenli oňyn netijeler gazanyldy: ýol yşyklarynyň işi kadalaşdyryldy we ýoldaky dürli ýagdaýlar has netijeli dolandyrylýar.
Üstünlikli mysallaryň biri — Ýanpu etrabyndaky gatnawy köp bolsan Çanhaý köçesinde garşylykly ugurly zolaklaryň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegidir. Bu ýerde üçinji derejeli hassahananyň ýerleşmegi sebäpli, irden işe gidilýän wagtlary ulaglaryň hereketleri örän dykyz bolýar.
Täze ulgam hereket tertibini üýtgetdi: öň dört zolak bolan ýerde indi günbatardan gündogara üç zolak, garşylyklaýyn ugurda bolsa bir zolak bar. Netijede ortaça tizlik 17,5 km/sagatdan 26,4 km/sagata çenli ýokarlandy.
Ýerli ýol gözegçilik gullugynyň işgäri Lýu Çensze, dykyzlygy azaltmak üçin niýetlenen uly modeliň çatryklardaky ýagdaýy hakyky wagt tertibinde yzarlamaga we emeli aň seljermesiniň kömegi bilen ulag akymyny üýtgetmek boýunça maslahatlary bermäge mümkinçilik berýändigini belledi.
Ulgamyň esasy artykmaçlygy — ýol yşyklarynyň ýaşyl yşyklarynyň gatnaşygyny awtomatik sazlanmagydyr. Lýunyň aýtmagyna görä, indi el bilen goşulmak talap edilmeýär, sebäbi model iş meýilnamalaryny özbaşdak täzeleýär
Emeli aňyň kömegi bilen ulag dykyny azaltmak boýunça dessin toparyň işgäri Lu Çžuolýan modeliň okuw tapgyry barada gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, ulgam polisiýa strategiýalary we ýol ulgamynyň düzgünleri esasynda okadyldy. Hususan-da, çatryklaryň aşa doly bolan ýagdaýynda ol 48 gezek täzelendi. Şonuň saýasynda ýol yşyklarynyň iş takyklygy 72%-den 86%-e çenli ýokarlandy. Täze ýagdaýlary öwrenmek üçin takmynan iki aý wagt gidýär. Şunda bilim binýady yzygiderli giňelýär, täzelenýän ýagdaýlaryň sany bolsa artýar, bu bolsa modele her bir çatrykda öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda emeli aň ulgamy Şanhaýyň 360-dan gowrak esasy çatrygynda ornaşdyryldy. Ýol hereketiniň netijeliliginiň ortaça ýokarlanmagy 12,9%-e boldy.
Şu ýylyň oktýabr aýyna çenli ulgamy giňeltmek meýilleşdirilýär, munuň netijesinde ulgam şäheriň 1800-den gowrak çatrygyny öz içine alar.
Şunlukda, Şanhaýda ýol hereketini dolandyrmaga emeli aňyň ornaşdyrylmagy ýokary netijeliligi görkezýär we tehnologiýany has-da giňeltmek üçin geljegi uly mümkinçilikleri açýar.







