Hytaýyň agramy 7 tonna bolan ilkinji uçarmansyz logistika uçary ilkinji uçuşa taýýar

Hytaýyň agramy ýedi tonna bolan ilkinji uçarmansyz logistika uçary — Changying-8 ilkinji uçuşyna doly taýýar diýip, China North Industries Group Corporation Limited (NORINCO) kompaniýasy habar berdi.
Ilkinji uçuş Hytaýyň merkezi bölegindäki Henan welaýatynyň Çžençžou Şansze aerodromynda meýilleşdirilýär. Uçuş dürli ulgamlaryň esasy parametrlerini, şol sanda akylly uçuş dolandyryşyny, ýangyç goruny we uçuş aýratynlyklaryny barlamaga gönükdiriler.
Uzynlygy 17 metr, ganatlarynyň giňligi 25 metr bolan Changying-8 Hytaýyň özbaşdak işläp taýýarlan uly göwrümli uçarmansyz logistika uçarydyr.
Onuň 18 kub metr göwrümli örän uly ýük bölümi dürli görnüşli standart awiakonteýnerlerini hem-de sowuk zynjyr şertlerinde saklamak üçin ýörite konteýnerleri ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, uçaryň ýüklenmegi we düşürilmegi bary-ýogy 15 minutda amala aşyrylýar, bu bolsa logistika işleriniň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar.
Şeýle hem, Changying-8 uçarynyň uçuş agramy 7 tonna, ýük göterijiligi 3,5 tonna we iň ýokary uçuş aralygy 3000 kilometrden gowrakdyr. Uçar beýik ýerlerde hem-de bary-ýogy 200 metr ýaly gysga aralykdan galmaga we gonmaga ukyplydyr.
“Häzirki wagtda ýangyç guýulýar. Ilkinji uçuşdan öň ýerine ýetirilmeli işler entek köp. Ulgamlar birleşdirilenden soň, uçaryň statiki synaglary, hereketlendirijiniň ýerüsti işe girizilmegi hem-de pes, orta we ýokary tizliklerde dolandyrma synaglary geçirildi. Irden geçirilen barlag uçaryň gowy ýagdaýdadygyny we uçuşa taýýar bolandygyny görkezdi”, — diýip, NORINCO kompaniýasynyň tehniki direktory we uçara jogapkär Şi Leý aýtdy.
Meýilnama görä, “Changying-8” ilkinji uçuşda rulirleme bilen ýokary galyp, 30 minutdan gowrak dowam edýän uçuşy amala aşyrar we dürli ulgamlaryň esasy görkezijilerini barlar.







