Ählumumy maglumat elýeterliliginde boşlugy aradan aýyrmak üçin Pekinde Bütindünýä maglumat guramasy işe girizildi

Aprel 01, 2026 | 07:30 |81
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Duşenbe güni Pekinde Bütindünýä maglumat guramasynyň resmi taýdan döredilmegi, maglumatlary ösdürmek we dolandyrmak ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlyga tarap ädilen möhüm ädim boldy.

Bütindünýä maglumat guramasynyň açylyş dabarasyna 500-e golaý adam gatnaşdy. Olaryň arasynda agza guramalaryň wekilleri, hytaýly we halkara alymlar hem-de tehnologlar, hökümet resmileri we halkara guramalaryň ýolbaşçylary bar.

Bütindünýä maglumat guramasynyň ählumumy maglumat pudagyndaky degişli guramalar we şahsyýetler tarapyndan meýletin esasda döredilen hünär derejeli, hökümete degişli bolmadyk we täjirçilik maksatly däl halkara gurama hökmünde çykyş edýär. Ol tejribä we senagata gönükdirilen, gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasyndaky dialog we hyzmatdaşlyk üçin niýetlenen ählumumy meýdançany döretmegi maksat edinýär.

“Maglumatlar innowasiýalary höweslendirip, syýasaty berkitmäge we ylmy ösüşi çaltlandyrmaga ukyplydyr, ýöne bu diňe maglumatlara elýeterlilik adalatly bolan ýagdaýynda we mümkinçilikler iň zerur ýerlerde artdyrylan halatynda mümkindir” — diýip, duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatly ylym we tehnologiýalar baradaky komissiýasynyň başlygy hem-de rleşen Milletler Guramasynyň Maglumatlary dolandyrmak boýunça iş toparynyň başlygynyň orunbasary Muhammadu MO Kah mälim etdi.

Hytaýyň sanly infrastrukturasy örän çalt ösüşi görkezýär. 2025-nji ýylyň ortalaryna çenli ýurtda 4,8 milliondan gowrak 5G binýatlaýyn stansiýasy guruldy, ýurduň umumy hasaplama güýji bolsa dünýäde ikinji orny eýeledi

“Biz ykjam telefonlar üçin çip ulgamlaryny öndürýäris. Şonuň üçin hem maglumatlar we Hytaý, aýratyn-da 5G ulgamlarynyň, soňra bolsa 6G-niň ýokary hilli ornaşdyrylmagyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan bizi örän gyzyklandyrýar” diýip, “Qualcomm Wireless Ltd” kompaniýasyndan Jonatan Jerald Tomason aýtdy.

“Maglumatlary işläp taýýarlamagyň ygtybarly we kadalara esaslanýan ulgamyna eýe bolmak mümkinçiligi örän möhümdir. Şol sebäpli, Bütindünýä maglumat guramasynyň döredilmegini amatly karar diýip hasaplaýaryn” diýip, Nigeriýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Kimiebi Imomotimi Ebienfa belledi.

Ştab-kwartirasy Pekinde ýerleşýän Bütindünýä maglumat guramasy, maglumatlary ösdürmek we dolandyrmak bilen meşgullanýan ilkinji ýokary derejeli halkara guramadyr.

Bu guramanyň 2030-njy ýyla çenli abraýly halkara meýdançasyna we maglumatlar ulgamynda ygtybarly merkeze öwrülmegine garaşylýar.


Beýleki habarlar