Hytaýda Hu Ýaobanyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan simpozium geçirildi

Noýabr 21, 2025 | 17:30 |79
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hepdäniň penşenbe güni, Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi komiteti, Pekiniň Halk mejlisiniň uly zalynda, partiýanyň öňki görnükli lideri Hu Ýaobanyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan simpozium geçirdi. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy, Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi komitetiniň baş sekretary Si Szinpin öz çykyşynda Hu Ýaobanyň belent ynsanlyk häsiýetlerini, batyrgaý ruhuny hem-de onuň taryhda yz galdyran beýik işlerini belläp geçdi.

Si Szinpin ähli partiýa agzalaryny Hu Ýaobanyň berk ynançlaryny, partiýa bolan wepalylygyny hem-de Hytaýyň öňe gitmekligine hemişe ygrarly bolmak häsiýetlerini özlerine nusga edinmeklige çagyrdy. Ol Hu Ýaobanyň delillere esaslanýan hakykaty tapmakda, özgertmeleri we aç-açanlygy öňe sürmekde, şeýle hem halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda ömürboýy eden yhlasy we tagallalary barada aýdyp geçdi. Si Szinpin, partiýa agzalaryny, özgertmeleri öňe sürmek we ösüş gazanmak hem-de halkyň bähbidini, abadançylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmak arkaly tutanýerli işlemeklige çagyrdy.

Si Szinpin şeýle hem Hu Ýaobanyň partiýanyň işini kämilleşdirmeklige we abraýyny artdyrmaklyga uly üns berendigini nygtady hem-de partiýa wekillerini kommunistleriň syýasy dogruçyllyk we ygrarlylyk ýörelgelerine eýermäge ündew etdi. Bu geçirilen simpoziuma Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy Sai Si ýolbaşçylyk etdi we ol milli galkynyş arkaly berkarar döwleti gurmak ugrunda yzygiderli öňegidişlikleri gazanmaklyga çagyrdy. Hemişelik komitetiniň ýene bir agzasy Li Si hem bu simpoziuma gatnaşdy.

Beýleki habarlar