Hytaý 6G mobil tehnologiýasyny ösdürmegi çaltlandyrýar, bilermenler bolsa onuň 2030-njy ýyla çenli täjirçilik taýdan ornaşdyrylmagyna garaşýarlar

Mart 31, 2026 | 09:36 |68
CCTV logo
Çeşme: cctv.com

 Olar emeli aňa esaslanýan bu tehnologiýanyň 5G bilen deňeşdirilende uly öňe gidişlik boljakdygyny belleýärler.

Bu çaklama Pekinde geçirilen we ýekşenbe güni tamamlanan Çžunguansun forumynyň (ZGC Forum) çäginde beýan edildi. “Tehnologik we senagat innowasiýalarynyň doly integrasiýasy” şygary bilen geçirilen maslahatyň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen hünärmenler, alymlar we syýasatçylar gatnaşyp, global ylmy we tehnologiýalary dolandyryşdan düýpli barlaglara çenli temalary öz içine alýan 60-dan gowrak mejlis geçirildi. Şeýle hem forumyň sergi merkezinde takyk hereketleri ýerine ýetirip bilýän robotlardan başlap, “beýni–kompýuter” interfeýsleri, akylly önümçilik, täjirçilik kosmos senagaty we sebit hyzmatdaşlygy ýaly ugurlardaky çözgütlere çenli 560-dan gowrak ylmy-tehniki gazanylanlar görkezildi.

Täze ösüşleriň görkezilişi bilen bir hatarda bilermenler mobil aragatnaşygyň geljegine ýüzlenip, 6G-niň 5G-den düýpli tapawutlaryny düşündirdiler.

«Eger men 6G-ni birnäçe söz bilen düşündirmeli bolsam, ilkinji söz düzümi “emeli aň” bolar. 6G ulgamy diňe bir aragatnaşyk ulgamy bolman, eýsem ol emeli aň mümkinçiliklerini doly integrirleýär. Her bir tor bölegi — baza stansiýalary, terminallar we magistral torlar — emeli aň üçin içerki hasaplaýyş güýjüne eýe bolar. Bu bolsa AI agentleriniň diňe uzakdaky maglumat merkezlerinde däl-de, eýsem siziň ýanyňyzda — telefonyňyzda, birikýän baza stansiýaňyzda, hatda marşrutlaşdyryjy düwünlerde hem ýerleşjekdigini aňladýar», — diýip, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Kompýuter tor maglumat merkeziniň öňdebaryjy tor tehnologiýalary bölüminiň direktory Çžou Sýuý aýtdy.

6G ulgamy “kosmos–howa–ýer–deňiz” görnüşinde doly integrirlenen ulgam hökmünde taslanylýar, bu bolsa 5G-niň esasan ýerüsti gurluşyndan düýpli tapawutlanýar. Garaşylyşyna görä, emeli hemralar arkaly baza stansiýalary üpjün edilip, şäherlerde we deňizdäki ulanyjylar üçin aragatnaşyk örtügi giňeldiler.

«Hytaý eýýäm 6G tehnologiýasynyň ilkinji synag tapgyryny tamamlady. 300-den gowrak tehnologiýa barlaghanalarda we synag torlarynda üstünlikli barlandy. Indiki ädim — 2026–2028-nji ýyllar aralygynda bu aýratyn tehnologiýalary hakyky enjamlara birleşdirmek. Ilkinji 6G standartlary 2029-njy ýylda garaşylýar, synag görnüşindäki täjirçilik ornaşdyrylyşy bolsa 2030-njy ýyl töwereginde amala aşyrylar. 2035-nji ýyla çenli bolsa gündelik durmuşda 6G smartfonlaryny we 5G-de mümkin bolmadyk täze goşundylary görüp bileris», — diýip, Çžou aýtdy.

Şeýle-de bolsa, global standartlar boýunça güýçli bäsdeşlik, esasy komponentleriň üpjünçilik zynjyrlarynyň doly kämilleşmändigi we 6G torlaryny gurmagyň ýokary çykdajylary ýaly kynçylyklar henizem bar. Muňa garamazdan, Hytaý has açyk we inklýuziw çemeleşmä esaslanyp, innowasiýa we hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar.

«6G ulgamy başdan-aýak emeli aňa gönükdirilen bolmaly, sebäbi AI diňe iri döwletleriň elinde jemlenmeli däl. Açyk ekoulgam döredilende dürli gatnaşyjylar — goşundylar derejesinden başlap, enjamlara we robotlara çenli — öz mümkinçiliklerini ösdürmek üçin platforma eýe bolýar», — diýip, Singapuryň Inženerçilik akademiýasynyň agzasy, professor Toni Kwek aýtdy.

Eger bu meýilnamalar amala aşyrylsa, emeli aňa esaslanan 6G arhitekturasy we kosmos infrastrukturasynyň ösmegi global aragatnaşygy düýpgöter üýtgedip, adamlaryň ýaşaýyş we iş usullaryna täsir edip biler.

2007-nji ýylda döredileninden bäri ZGC forumy ylmy-tehniki innowasiýalary ösdürmek boýunça iri halkara çärä öwrüldi.

Beýleki habarlar