Hytaý ähli howa şertlerinde çuň deňiz ylmy barlaglary üçin niýetlenen dünýäde ilkinji ýüzýän emeli adany suwa goýberdi

Mart 30, 2026 | 05:35 |111
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Şenbe güni Şanhaýda iri milli ylmy-tehniki infrastruktura taslamasy — ähli howa şertlerinde işleýän çuň deňiz ýüzýän ylmy-barlag bazasynyň resmi açylyşy boldy. “Çuň deňiz ýüzýän ada” diýlip atlandyrylýan bu dünýäde ilkinji ägirt uly deňiz ylmy platformasy deňiz enjamlary, deňiz serişdeleri we deňiz ylmy ýaly ugurlarda ylmy barlaglary goldamak üçin niýetlenendir.

Bu iri ylmy desga üç esasy bölekden ybarat: esasy platforma, gämi barlaghanalary we kenar goldaw ulgamy.

Esasy platforma innowasion ýarym suwa çümýän iki korpusly gurluşa eýe bolup, ýüzlerçe tonna agramly çuň deňiz enjamlaryny doly möçberde synagdan geçirmäge we 10 000 metre çenli çuňlukda ylmy barlaglary hem-de synaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Taslama Şanhaý Szýaotun uniwersiteti (SJTU) tarapyndan amala aşyrylýar we iri milli ylmy-tehniki infrastruktura taslamasy hökmünde ykrar edildi.

“Biziň ýurdumyzda çuň deňiz barlaghanalary, okeanografik barlag gämileri we çuň deňiz suwasty enjamlary ýaly dürli görnüşli deňiz ylmy gurluşlary bar, emma bize çalt hereket edip bilýän we uzak wagtlap barlag geçirilýän ýerde galyp bilýän desga ýetmezçilik edýärdi. Şol boşlugy doldurmak üçin biz deňiz nebitgaz pudagynda ulanylýan ýarym suwa çümýän platformalaryň aýratynlyklaryny barlag gämileriniň mümkinçilikleri bilen birleşdirip, düýbünden täze görnüşli platformany döretdik,” - diýip, taslamanyň işläp düzüjisi bolan Şanhaý Szýaotun uniwersitetiniň professory Sýao Lunfeý aýtdy.

Desganyň gurluşygyny 2030-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Açyk deňizde synag meýdançasy hökmünde ol çuň deňiz magdan gazyp alyş ulgamlaryny, möhüm deňiz enjamlaryny we deňiz nebitgaz infrastrukturasyny synagdan geçirmek üçin ulanylar. Şeýle hem bu taslama deňiz serişdeleriniň täjirçilik taýdan özleşdirilmegini çaltlandyrmaga, deňiz ekoulgamlarynyň möwsümleýin üýtgeýişlerini öwrenmäge, ýaşaýşyň gelip çykyşyny we ösüşini derňemäge hem-de taýfunlary çaklamak takyklygyny ýokarlandyryp, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olaryň täsirini peseltmek mümkinçiliklerini güýçlendirmäge ýardam eder.

“Ol barlag gämisine meňzeş tizlikde hereket edip bilýär. Iş ýerine ýetirilýän ýere ýetenden soň, barlaglary we synaglary geçirmek üçin ol ballast arkaly durnuklaşdyrylýar. Örän uly ýük göterijilik, uzak wagtlap bir ýerde galmak ukyby we taýfunlara garşy ýokary durnuklylygy sebäpli, ol has agyr deňiz şertlerinde, has uzak döwürlerde we has uly çuňluklarda iş alyp barmaga mümkinçilik berýär,” - diýip, Şanhaý Szýaotun uniwersitetiniň ylmy işgäri Ýan Szýanmin aýtdy.

Beýleki habarlar