Daşary ýurtly myhmanlar üçin elektron deklarasiýa hyzmaty girizilýär

Halkara gatnawlaryň barha artmagy bilen, daşary ýurtly myhmanlaryň ýurduň çägine çalt we aňsat girmekleri üçin Hytaýyň hökümeti hepdäniň penşenbe gününden başlap elektron deklarasiýa hyzmatyny resmi taýdan işe girizdi.
Bu sanly ulgam Hytaýyň Milli Immigrasiýa Dolandyryş Müdirligi tarapyndan işläp taýýarlandy we bu ýolagçylara hödürlenýän hyzmatlaryň hilini has-da kämilleşdirýär.
Indi ýurda gelýän myhmanlar gözden geçiriş-barlag nokatlarynda QR kody skanirlemek ýa-da öz-özüňe hyzmat ediji terminaly ulanmak bilen resmi Internet-sahypa, döwlet hyzmatlary platformasy, 12367 atly mobil goşundy, şeýle hem WeChat we Alipay ulgamyndaky ýörite mini-programmalar arkaly syýahatçylyk deklarasiýasyny dolduryp bilerler. Şonuň ýaly-da, ýolagçylar üçin isleglerine görä diňe kagyz görnüşindäki ýurda giriş resminamasyny dolduryp, tabşyrmak mümkinçiligi hem bardyr.
Ýurda gelýän myhmanlaryň bu täze girizilen hyzmatdan göwünleri hoş.
“Täze girizilen elektron dokumenti doldurylanda birnäçe dili saýlap bolýar, ýagny öz diliňde hem dolduryp bolýar eken, bu bolsa biziň üçin gaty oňaýly,” diýip, Eýrandan gelen myhman Walid Feli öz pikirini paýlaşýar.
“Bu bize wagtymyzy tygşytlamaga kömek edýär. Meniň pikirimçe, bu örän amatly çözgüt,” diýip, Germaniýaly syýahatçy Lina Muhitdinowa aýdýar.







