Hytaý ýaşyl energiýa geçiş taslamasyna bat berýär

Noýabr 21, 2025 | 17:20 |93
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň Silin welaýatynyň Songýuan şäherinde, dünýäde iň iri taslamalaryň biri bolan, ekologiýa taýdan arassa wodorod, ammiak we metanol önümçiligine niýetlenen desgalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Bu taslamanyň çäginde, ýel we gün energiýasyndan “ýaşyl nebit” öndürip, ol önümi dünýä bazarlarynda satmak göz öňüne tutulýar. Bu toplumdan, halkara ýük daşaýjy gämi ýangyjy hökmünde ýaşyl ammiagyň ilkinji tapgyryny ýylyň ahyryna çenli ulanyşa goýbermeklik meýilleşdirilýär.


Kuwwatlygy 50 MegaWat bolan gün paneller toplumy hem-de 590 MegaWat kuwwatlygy bolan ýel elektrik stansiýasy bilen işleýän bu taslama gaýtadan dikeldilýän elektrik energiýasyny elektroliz arkaly wodoroda öwürýär. Soňra ol howadan alynýan azot bilen sintez edilýär. Bu taslamanyň esasy tehnologiki üstünligi - gaýtadan dikeldilýän energiýanyň üýtgäp durýan kuwwatynyň ammiak önümçiliginiň durnukly talaplary bilen sazlaşygyny gazanyp bilmegidir. Desga dünýäde iň uly wodorod saklaýyş ulgamyny, ýagny ekologiýa taýdan arassa wodorody üznüksiz üpjün etmekçilige niýetlenen, her biriniň göwrümi 2000 kub metr suw sygdyryp bilýän 15 sany çelekden ybarat toplumy öz içine alýar.


Toplumda sagatda 1050 kub metr wodorod öndürip bilýän 64 sany elektrolizator bolup, bu, dünýäde iň iri toplum hasaplanýar. Hytaýyň birnäçe öňdebaryjy elektroliz öndürijileri umumy platformada işleýärler, bu bolsa tehnologiki taýdan batly ösüşe we çykdajylaryň azalmagyna getirýär. Inženerleriň aýtmagyna görä, bu bäsdeşlik ruhy, wodorod önümçiliginde we oňaýly ammiak sintez tehnologiýasynda öňegidişliklere itergi berdi, we olar tehnologiki kuwwatlylygyň 30 göterimden 110 göterimine çenli işläp bilýär.


Çykdajylaryň azalmagy bilen, ekologiýa taýdan arassa ammiagyň hyrydary köpelýär. Golaýda, Hytaýyň Dalian şäherinde, deňiz gämisine dünýäde ilkinji gezek ekologiýa taýdan arassa ammiak ýangyjy guýuldy. Dünýäde ammiak önümçiliginiň möçberi ýylda 200 million tonnadan gowrak bolup, onuň üçden bir bölegi Hytaýda öndüdilýändir. Ekologiýa taýdan arassa ammiaga bolan isleg 2035-nji ýyla çenli 100 million tonnadan geçip biler. Bilermenleriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda 1,7 milliard kilowattdan geçýän Hytaýyň ägirt uly ýel-gün energiýasyny öndürmek mümkinçiligi, geljekde çykdajylary has-da azaltmaga we “ýaşyl nebit” önümleriniň dünýä bazarynda ornuny berkitmäge ýardam eder.

Beýleki habarlar