Bilermenler global ykdysadyýetdäki näbellilikleriň fonunda Hytaýyň ykdysadyýetiniň ösmegini dowam etdirjekdigine garaşýarlar

Ekspertler topary dünýäde barha artýan näbellilikleriň ýurduň ösüşine kynçylyk döredýändigine garamazdan, Hytaýyň ykdysadyýetiniň 2026-njy ýylda durnukly ösüşine garaşýandygyny beýan etdi.
Ekspertler bu beýanatlaryny ýakynda Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynyň tehnologiýa merkezi bolan Şençžen şäherinde Hytaýyň global teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdylar.
Günorta Hytaýyň Guandun – Gonkong – Makao Uly aýlag klasteri üçin möhüm ösüş hereketlendirijisine öwrülen Sýanhaý aýratyn ykdysady zolagynyň wekili, dünýäniň beýleki iri ykdysadyýetleri ýaly Hytaýyň-da barha artýan kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny, ýöne ýurduň 2026-njy ýylda durnukly ösüş görkezijilerini görkezer diýip ynanýandygyny aýtdy.
«Beýleki iri ykdysadyýetler hem häzir käbir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Geosyasy töwekgelçilikler artýar. Söwda urşy entek doly tamamlanmady. Emma, şeýle-de bolsa, Hytaýda içerki bazara gönükdirilen ykdysadyýetiň bardygyna düşünýärin. Bilşiňiz ýaly, 80 göterim – 80 göterimden gowragy – içerki islegiň payyna düşýär. Şeýle hem, biz käbir ugurlarda, esasanam täze senagat pudaklary ýaly ugurlarda, hatda giň gerimli käbir pudaklarda-da, ähli dürli basyşlara, näbelliliklere garamazdan, işleýän önümçilige maýa goýumlaryň ösmegini dowam etdirýändigini görüp başlaýarys. Men Hytaýyň ykdysadyýetiniň ösüş taýdan birneme durnukly bolmagyna garaşýaryn. 4,5–5 göterim ösüş depgini, indiki on iki aýyň dowamynda öz-özünden gazanylyp bilner» - diýip, Sýanhaý etrap administrasiýasynyň baş ykdysatçysy Ku Hunbin aýtdy.
Awstraliýanyň Günorta Hytaý söwda palatasynyň (AustCham South China) başlygy Greg Smit, Awstraliýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek bilen meşgullanýan edaranyň wekili, Hytaýyň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen berk hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýurda global näbellilikleriň ýagdaýynda ugurly hereket etmäge kömek edip biljekdigini aýtdy.
«Hytaýyň ykdysadyýetine garşy oýnamak gaty batyrgaýlyk bolar diýip pikir edýärin. Ol uzak wagtlap durnuklylygy görkezdi, gaty güýçli sarsgynlyklary başyndan geçirdi we olardan çykyp bildi. Nyrhnamalar we geosyasy ýagdaý ýaly meseleler barada aýdylanda, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň durnuklylygy ähli ýurtlaryň söwdada gözleýän zatlarydyr. Şonuň üçin, gatnaşyklar näçe berk bolsa, 4,5 göterim ösüş depginini gazanmak üçin esas şonça-da gowy bolar. Dünýäniň ähli ýurtlary hyzmatdaşlyk we söwda üçin ygtybarly hyzmatdaşlary gözleýär diýip pikir edýärin» - diýip, Smit aýtdy.
Gonkongyň öndürijilik geňeşiniň başlygy Sanni Tan, onuň pikiriçe, dünýäniň galan böleginiň Hytaýyň ykdysady ösüşine gatnaşmak isleýändigini aýtdy.
«Men Hytaýyň örän, örän oňat netijeleriniň – gazanylyp bilner netijeleriniň bardyny aýdyp bilerin. Uly bazaryň bardygyny, onuň durnuklylygyny, näbellilik döwründe hakykatdanam ynam döredýändigini görýärin. Ýurdumyz göz öňünde tutulyşy ýaly ösüşini dowam etdirip biler. Şol bir wagtyň özünde-de, dünýäniň ähli ýerlerinden bu ösüşiň bir bölegi bolmak isleýän we bu ösüşiň Hytaýda bolmagyny isleýänler tarapyndan uly gyzyklanmany görýäris» - diýip, Tan aýtdy.
Şençžende ýerleşýän “Manifold Tech” startapyň esaslandyryjysy we baş direktory Sin Ýumin, telekeçileriň globalizasiýada entegem mümkinçilikleri görýändiklerini, we kompaniýalaryň saklanyp galmak üçin çalt üýtgeýän gurşawa uýgunlaşmalydygyny aýtdy.
«Bazar barada aýdylanda, köp geosyasy meselelere garamazdan, globalizasiýada henizem mümkinçilikleri görýäris. Emma Uly aýlagyň özboluşlylygy, meniň pikirimçe, henizem deňsiz-taýsyz: bu ýerde tapyp bilýän zehinlerimiz, ussatlyk, tejribeli inženerler – bularyň hemmesi henizem deňsiz-taýsyz. Dünýädäki näbellilige garamazdan, telekeçilik global derejede ösmelidir diýip pikir edýärin. Kim bu üýtgeşmelere çalt uýgunlaşyp bilse, ol saklanyp galyp biler» - diýip, ol aýtdy.







