Maldarlar gyşky düýe göçüriş işlerine girişdiler

Noýabr 20, 2025 | 17:15 |128
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän Içerki Mongoliýa awtonom welaýatynyň maldarlary özleriniň däbe öwrülen gyşky göçüş işlerine girişdiler. Olar çöllük meýdanlarda otlap ýören müňlerçe düýeleri gyşlamak üçin ýyly öri meýdanlara sürüp başladylar.

Maldarlar öz düýelerini gözläp tapyp, alyp gaýtmak üçin awtoulagly we motosiklli Badain Jaran we Ulan Buh çöllerinde ýüzlerçe kilometrlik ýollary sökýärler.

Tomus paslynda olar 2000-den gowrak düýe malyny çöllük meýdanlara otlamak üçin öz erkine goýberipdiler. Gyşyň golaýlaşmagy bilen mallara goşmaça ot-iým bermek üçin olary daşy goragly ýataklara göçürýärler. Şeýtmek bilen maldarlar öz mallaryny aňzakly sowukdan goraýarlar hem-de çöldäki öri meýdanlaryň otlarynyň täzeden ösüp ýetişmegine maý berýärler.

Meýdandaky düýeleri gözläp tapaýmak aňsat iş däl. Köpi gören maldarlar seýrek otly meýdanlardaky düýeleriň aýak yzlaryny yzarlap, hem-de olaryň galdyran tezekleri boýunça ugur alýarlar. Olar köplenç çölde gezip ýören mallaryny tapyp, öz goşlaryna gaýtaryp getirmek üçin diňe bir tarapy 200 kilometre barabar bolan ýoly geçip, çöl meýdanlaryna dört gezek aýlanyp gelmeli bolýarlar. Mallaryň ählisini doly goşa jemlemek üçin adatça bir aý töweregi wagt gerek bolýar.

Mallary öz erkine goýberip, bakmak we köpeltmek usuly Alxa Ligasynyň düýeleriniň sagdyn bolmagyna we köpelmegine oňyn täsir edýär. Şol bir wagtyň özünde hem olar welaýaty düýe süýdi we düýe ýüňi bilen üpjün edýärler.

Hytaýda düýeleriň iň esasy mesgeni bolan Alxa Ligasynda jemi 169,000 töweregi iki örküçli düýeler bolup, bu ýurtdaky düýeleriň umumy sanynyň takmynan üçden bir bölegini düzýändir.

Beýleki habarlar