Ýanwar–fewral aýlarynda Iu şäherinde haryt dolanyşygynyň 52,8 göterim artdandygy hasaba alyndy

Mart 25, 2026 | 11:00 |58
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Gündogar Hytaýdaky «dünýäniň supermarketi» hökmünde tanalýan Iu şäheri 2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda daşary söwda boýunça rekord derejesine ýetdi. Görkeziji 173,56 milliard ýuana (25,2 milliard ABŞ dollary) deň bolup, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 52,8 göterim ýokarydyr. Şäheriň importynyň hem-de eksportynyň ösüş depgini 50 göterimden ýokary boldy.

Ýanwar–fewral aýlarynda Iu şäheriniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňeldi – häzirki wagtda şäher 222 ýurt we sebit bilen söwda alyp barýar, bu bolsa geçen ýylyň şol döwrüne garanyňda dokuz san köpdir.

Hasabat döwründe Iu üçin iň uly söwda bazary Afrika boldy. Bu yklym bilen söwda dolanyşygy ýyllyk hasapda 84,7 göterim artyp, şäheriň umumy daşary söwdasynyň 20,4 göterimine ýetdi.

Iu şäheriniň importynyň we eksportynyň iň çalt ösüşi ASEAN - Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşiginiň çäginde gazanyldy – bu görkeziji ýyllyk hasapda 99 göterim ýokarlandy.

Mundan başga-da, beýleki möhüm sebitler bilen hem söwda dolanyşygynda ösüş bellige alyndy: Latyn Amerikasy bilen ýyllyk hasapda 34 göterim, Ýewropa Bileleşigi bilen bolsa — 64,6 göterim artdy.

Daşary söwdanyň ösüşinde «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyna gatnaşýan ýurtlar möhüm orun eýeledi. 2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda Iu şäheriniň bu ýurtlar bilen söwda dolanyşygy 124,43 milliard ýuana (18 milliard ABŞ dollary) deň boldy. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 59,5 göterim köp bolup, şol döwürde şäheriň umumy daşary söwdasynyň 70 göteriminden gowragyny emele getirdi.

Beýleki habarlar