Hytaýda kuwwaty 550 MW bolan F synply ilkinji gaz turbina desgasy ulanylmaga berildi

Şenbe güni doly kuwwatda 168 sagatlyk synag işinden soň Hytaýda kuwwaty 550 megawatt bolan ilkinji F synply gaz turbina desgasy işe girizildi. Bu bolsa uly göwrümli ýokary netijeli enjamlaryň arassa energiýa öndürmekde ulanylmagynda täze üstünlik boldy.
Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çunsin şäheriniň Tunnan etrabynda ýerleşýän we Hytaýyň “Huadýan” korporasiýasy tarapyndan dolandyrylýan bu desga umumylykda 1,1 million kilowattdan gowrak kuwwata eýe bolup, kombinirlenen aýlawyň netijeliligi 61,66 göterime ýetýär. Häzirki wagtda bu Hytaýdaky iň uly we iň ýokary netijeli F synply gaz turbina desgasy bolup durýar.
“Desga doly ulanylmaga berlenden soň ýylda takmynan 2,1 milliard kilowatt-sagat elektrik energiýasyny öndürer diýlip garaşylýar. Bu bolsa 1,75 million hojalygyň ýyllyk elektrik energiýa zerurlygyny üpjün etmäge ýeterlikdir. Munuň özi ýylda 200 müň tonna şertli kömri tygşytlamaga we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny takmynan 860 müň tonna azaltmaga mümkinçilik berer,” - diýip, Huadýan Çunsin Tunnan gaz elektrik stansiýasynyň tehniki direktory Wan Ýunsýan aýtdy.
Generator enjamlary özbaşdak işläp bilýär we ulgamda näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda elektrik üpjünçiligini tiz wagtda dikeldip bilýär. Mundan başga-da, her bir enjam iki sany elektrik geçiriji liniýa bilen üpjün edilendir, bu bolsa bir liniýa näsaz bolan ýagdaýynda hem doly kuwwatda durnukly işläp bilmegini üpjün edýär we elektrik geçirijiliginiň ygtybarlylygyny hem-de energiýa howpsuzlygyny ep-esli ýokarlandyrýar.
Hytaýyň Huadian korporasiýasynyň maglumatlaryna görä, tebigy gaz bilen işleýän elektrik stansiýalary häzirki zaman energetika ulgamyny döretmekde möhüm, kömekçi we çeýe energiýa çeşmesi bolup durýar. Gaz enjamlary diňe kömür elektrik stansiýalarynyň ornuny tutmak bilen çäklenmän, eýsem güýçli, netijeli we ekologiýa taýdan arassa ätiýaçlyk elektrik üpjünçiligini üpjün etmekde möhüm orun tutýar.
Kömür bilen işleýän elektrik stansiýalar bilen deňeşdirilende, gaz turbinalary ep-esli az zyňyndy berýär, has çeýe we has ýokary netijelidir. Olar doly kuwwata takmynan bir sagadyň dowamynda ýetip bilýär, bu bolsa adaty kömür elektrik stansiýalaryndan bäş esse çaltdyr.
“Foto elektrik we ýel energiýasy ýaly täze energiýa çeşmeleri ýel pes bolanda ýa-da gün ýaşanda elektrik energiýasyny öndürip bilmeýär. Bu gaz turbina desgasynyň esasy artykmaçlygy — ýüklenmäni çalt sazlap bilmek ukybydyr. Işe girizilenden doly kuwwata çenli diňe bir sagat gerek bolýar, bu bolsa adaty kömür elektrik stansiýalaryndan bäş esse çaltdyr. Häzirki wagtda täze energiýa çeşmeleriniň çalt ösüş şertlerinde bu ýagdaý olaryň durnuksyzlygynyň öwezini dolýar we energiýa ulgamynyň howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üçin ygtybarly ätiýaçlyk üpjünçiligi döredýär,” - diýip, Huadýan Çunsin Tunnan gaz elektrik stansiýasynyň uly inženeri Wan Gan aýtdy.
2025-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýda ýel we gün ýaly arassa energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasynyň öndürilişi ýyllyk hasapda 14,4 göterim artdy, şol sanda gazylyp alynmaýan çeşmelerden öndürilen elektrik energiýasy umumy elektrik energiýa önümçiliginiň 40,2 göterimini emele getirdi.







