Hytaýyň sarp ediş bazary oktýabr aýynda birsydyrgyn ösüş görkezdi

Noýabr 20, 2025 | 17:10 |78
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň sarp ediş bazary oktýabr aýynda birsydyrgyn ösüşde bolup, özüniň durnuklylygyny görkezdi diýip, hepdäniň çarşenbe güni Söwda ministrligi habar berdi.

Milli Statistika býurosynyň berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda ýurduň sarp ediş harytlarynyň bölekleýin satuwy 41,2 trillion ýuandan (takmynan 5,8 trillion ABŞ dollary) geçdi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,3 göterim ýokarydyr.

Oktýabr aýynda harytlaryň bölekleýin satuwy 2,8 göterim artdy, Hytaýyň döwlet tarapyndan goldanýan trade-in söwda maksatnamasy boýunça sarp ediş harytlarynyň degişli satuwy öz batly depginini dowam etdirdi. Söwda ministrligi tarapyndan ýaýradylan maglumatlara görä, bellenen ölçeglerden ýokary kärhanalar tarapyndan aragatnaşyk enjamlarynyň bölekleýin satuwy 23,2 göterim, kanselýar harytlarynyň satuwy 13,5 göterim, mebelleriň satuwy bolsa 9,6 göterim artdy.

Bellenen ölçegden ýokary bolan kärhanalar - bu lomaý söwda kärhanalary, bölekleýin söwda kärhanalary, şeýle hem ýaşaýyş jaý we iýmit kärhanalary bolup, olaryň esasy alyp barýan işlerinden ýyllyk girdejileri degişlilikde 20 million ýuana, 5 million ýuana we 2 million ýuana ýa ondan hem ýokary bolan kärhanalardyr.

Söwda ministrliginiň habar bermegine görä, degişli döwürde sarp edijileriň täzelenen harytlara bolan islegi artdy. Altyn, kümüş we gymmat baha şaý-sepleriň bölekleýin satuwy 37,6 göterim, sport we güýmenje önümleriniň satuwy 10,1 göterim, kosmetika önümleriniň satuwy bolsa 9,6 göterim artdy.

Hyzmatlardan peýdalanmagyň görkezijileri hem ýokarlandy, bu pudakdaky bölekleýin geleşikleriň möçberi 10 aýlyk döwürde ýyllyk 5,3 göterim artdy.

Söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, oktýabr aýynda baýramçylyk döwründe gezelenç etmäge bolan isleg esasynda syýahat boýunça maslahat beriş we kärende hyzmatlarynyň, ulag hyzmatlarynyň, şeýle hem medeni, sport we dynç alyş hyzmatlarynyň bölekleýin söwdasy 10 göterimden gowrak ösüş görkezdi. Iýmit satmakdan alnan girdeji 3,8 göterim artdy, ösüş depgini sentýabr aýy bilen deňeşdirilende 2,9 göterim ýokarlandy. Hytaýyň Milli gün we orta-güýz baýramçylygynyň dowamynda 751000 sany daşary ýurtly myhman ýurda geldi, bu bolsa 19,8 göterim ösüşe barabar boldy.

Şol bir wagtyň özünde, sarp edijiligiň täze görnüşleri ýokary ösüş depginini görkezdi. Oktýabr aýynda, Söwda ministrliginiň söwdada giň maglumatlar gullugy tarapyndan, gözegçilik edilýän esasy meýdançalarda “akylly” saglyk enjamlarynyň satuwynyň 20 göterimden gowrak, “akylly” dakynylýan enjamlaryň satuwynyň bolsa takmynan 4 göterim ýokarlanandygy habar berildi. Maglumatlara görä, energiýa netijeliligi has ýokary bolan käbir önümleriň satuwy 10 göterimden gowrak, organiki azyk önümleriniň satuwy bolsa 8 göterimden gowrak artdy.

Mundan başga-da bellemeli zat, ýurduň oba ýerlerinde sarp edijilik, şäher ýerlerine garanyňda has çalt ösýär.

Beýleki habarlar