Pekinde 2026-njy ýylyň Hytaý moda hepdeliginiň ýazky sessiýasy açyldy

2026-njy ýylyň Hytaý moda hepdeliginiň ýazky sessiýasy anna güni Pekinde başlady we milli hytaý medeniýeti bilen häzirki zaman modasynyň utgaşmagyna ünsi çekdi.
Şu ýyl moda hepdeliginde Hytaýdan we beýleki ýurtlardan gelen görnükli dizaýnerleriň 160-dan gowrak görkezilişi bolar. Çäre moda ugurlaryny çaklamak, sanly moda we durnukly moda meselelerine bagyşlanyp, hytaý brendleriniň we dizaýnynyň ýokary hilli ösüşine goldaw bermegi maksat edinýär.
Gündogar estetikasy hytaýly we daşary ýurtly dizaýnerler üçin möhüm ylham çeşmesine öwrülýär, bu tendensiýa bolsa şu ýylky moda hepdeliginde aýratyn aýdyň görünýär. Tematiki görkezilişler keramika, Sun dinastiýasynyň (990–1279) parça ýüpekleri, hytaý syýa suratlary hem-de Tan dinastiýasynyň (618–907) üç reňkli keramika görnüşi — “Santsaý” ýaly elementlere esaslanýar. Bu bolsa Hytaýyň baý medeni mirasynyň häzirki zaman beýan edilişini görkezýär.
“Hytaý dizaýnerleri hökmünde biz gündogar estetikanyň gözelligini we Hytaýyň gadymy, miras galan ussatlygyny dünýä bilen paýlaşmalydyrys. Bu biziň, dizaýnerler hökmündäki diňe bir jogapkärçiligimiz däl, eýsem biziň wezipämiz bolup durýar,” - diýip, hytaý dizaýneri Sýun In aýtdy.
“Biz dizaýnerleri we brendleri birleşdirýän maddy däl medeni mirasy öwrenmäge mümkinçilik berýän platformany döredýäris. Munuň özi dizaýnerlere bilen mirasdüşerlere öz pikirlerini häzirki zaman dilinde beýan edip, tejribe alyşmaga we innowasion taslamalary döretmäge mümkinçilik berýär. Munuň netijesinde bu taslamalar ýaşlar üçin has elýeterli bolar,” - diýip, Hytaýyň modelýerler assosiasiýasynyň wise-prezidenti Se Fanmin aýtdy.
Şu ýyl moda hepdeligi ilkinji gezek çykyş edýän Hytaýdan we beýleki ýurtlardan 120-den gowrak ýokary hilli brendi hem özüne çekdi. Podium görkezilişlerini sergiler bilen utgaşdyrmak arkaly bu çäre pudaklaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirýär we medeni hem-de sport ulgamlarynyň sarp ediş mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýär.







