Hytaý tehnologiýalaryň hemmeler üçin elýeterli bolmagyna we giň mümkinçilikleri üpjün etmegine ymtylýar: resmi wekiliň beýany

Hytaý öňdebaryjy ugurlara uly möçberde maýa goýup, tehnologiýalary hemmeler üçin elýeterli etmek we giň halk köpçüligi üçin mümkinçilikleri artdyrmak maksadyny göz öňünde tutýar diýip, anna güni Pekinde geçirilen metbugat maslahatynda Daşary işler ministrliginiň wekili Lin Szýan aýtdy.
Ýakynda Şweýsariýada 51-nji Ženewa Halkara oýlap tapyşlar sergisi tamamlandy. Onda hytaý wekiliýeti 200-den gowrak oýlap tapyşdan ybarat dürli we innowasion ekspozisiýasy bilen tomaşaçylarda hem-de eminlerde uly täsir galdyrdy. Şol oýlap tapyşlaryň 90-sy altyn medala mynasyp boldy.
Halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Hytaýyň ylmy-tehniki özbaşdaklygy we kuwwatyny 15-nji bäşýyllyk meýilnamasynyň (2026–2030) esasy hökmünde goýýandygyny belledi we ony “geljegi gazanmak meýilnamasy” diýip atlandyrdy.
“Häzirki wagtda dünýäde ylmy-tehniki innowasiýalar öňkülerden has çalt ösýär we önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmakda, kuwwatlary artdyrmakda hem-de ösüş mümkinçiliklerini açmakda esasy şert bolup durýar. Hytaýyň 15-nji bäşýyllyk meýilnamasynda ylmy-tehniki taýdan has uly özbaşdaklygy we kuwwaty gazanmak, şeýle hem täze ýokary hilli öndürijilik güýçleriniň ösüşini ugrukdyrmak boýunça ýörite düzgünler bar. Bu ýokary hilli ösüşi ilerletmek we hytaý nusgasyndaky modernizasiýany amala aşyrmak üçin durnukly itergi berer” –diýip, habarlara beren teswirinde Lin belledi.
Hytaýyň milli ykdysady we jemgyýetçilik ösüşiniň 15-nji bäşýyllyk meýilnamasy (2026–2030) şu aýyň başynda Hytaýyň ýokary kanun çykaryjy edarasy bolan Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň dördünji mejlisinde tassyklandy.
“Ylym we tehnologiýa geljegi kesgitleýän döwürde biz dünýä bilen bilelikde öňe gitmäge taýýardyrys. Emeli aňdan başlap kwant tehnologiýalaryna çenli, bioönümçilikden ýaşyl energiýa çenli Hytaý öňdebaryjy ugurlara uly möçberde maýa goýýar. Maksadymyz tehnologiýalary hemmeler üçin elýeterli etmek we mümkinçilikleri giňeltmekdir. Biz özümiziň ägirt uly bazar artykmaçlygymyzy dünýä senagat innowasiýalary üçin giň amaly meýdanlara öwürýäris we ähli ýurtlar bilen bilelikde ylmyň we tehnologiýanyň çäksiz mümkinçiliklerini dünýäniň bähbidi üçin öwrenmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys,” diýip, wekil belledi.







