Hytaý-britan ykdysady we söwda forumy hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan umumy ygrarlylygy tassyklaýar

Mart 20, 2026 | 20:54 |54
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Sişenbe güni Londonda 8-nji Hytaý-britan ykdysady we söwda forumy geçirildi. Bu çäre üýtgeýän ählumumy şertlerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek üçin hökümetiň, işewürligiň, maliýe we ylmy toparlaryň 350-ä golaý wekilini bir ýere jemledi.

«Merchant Taylors' Hall» zalynda «Hereketdäki agzybirlik, umumy geljek üçin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak» şygary astynda geçen forum Beýik Britaniýadaky Hytaý söwda palatasy (CCCUK) tarapyndan, Hytaýyň Beýik Britaniýadaky ilçihanasynyň, Beýik Britaniýanyň Işewürlik we söwda ministrliginiň hem-de birnäçe öňdebaryjy britan edaralarynyň goldawy bilen guraldy.

Çäre Hytaý bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklaryň gaýtadan dikeldilmeginiň, şol sanda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmeriň şu ýylyň başynda Hytaýa amala aşyran saparynyň, şeýle hem Hytaýyň «iki sessiýasynyň» dowamynda alnan täze syýasy yşaratlaryň we 15-nji bäş ýyllyk meýilnamanyň (2026-2030) durmuşa geçirilýän döwründe bolup geçdi.

Esasy çykyş edenler Ýakyn Gündogardaky çylşyrymly ýagdaýlaryň ählumumy derejedäki sarsgynlaryň arasynda goşmaça meseleleri döredýändigini belläp, dünýädäki barha artýan durnuksyzlygyň Hytaý bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi has-da möhüm häsiýete eýe edýändigini nygtadylar.

«Hytaý Ýakyn Gündogardaky soňky durnuksyzlyga çuňňur aladalaryny bildirýär. Bu ýüze çykmaly ýagdaý däldi, gapma garşylyklar hiç kime peýda getirmeýär. Birleşen Milletler Guramasynyň rugsady bolmazdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Ysraýyl dowam edýän amerikan-eýran gepleşikleriniň barşynda Eýrana hüjüm etdiler, bu bolsa halkara hukugynyň görnetin bozulmasydyr» — diýip, Hytaýyň Beýik Britaniýadaky ilçisi Çžen Szeguan nygtady.

Çženg öz çykyşynda iki ýurduň işewür toparlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde uzak wagtlap öňdebaryjy orny ýeleýändigini belledi we döwlet ýolbaşçylarynyň gazanan ylalaşygyny anyk netijelere öwürmek üçin has işjeň tagallalary etmäge çagyrdy.

Ol Hytaýyň täze ösüş maksatnamasynyň ählumumy hyzmatdaşlar üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny we hytaý-britan hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigini aýtdy.

Beýik Britaniýanyň hökümetiniň adyndan çykyş eden Gaznaçylygynyň ykdysady sekretary Lýusi Rigbi Hytaý bilen durnukly we netijeli ykdysady gatnaşyklary saklamagyň möhümdigini nygtady.

«Kärhanalaryň iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we bazarlarymyzy dünýä derejesinde has depginli hem-de bäsleşige ukyply etjek özgertmeleri geçirmäge gönükdirilen maýa goýumlaryny meýilleşdirip bilmekleri üçin durnuklylyk zerurdyr» — diýip, şol bir wagtyň özünde Demirgazyk Nortgemptonyň Leýboristler partiýasynyň deputaty bolan Rigbi aýtdy.

Ol Hytaýyň ählumumy ösüşiň esasy şerti we Beýik Britaniýa üçin möhüm hyzmatdaş bolup galýandygyny we dowamly dialogyň işewürlik üçin has aýdyňlygy üpjün etmäge kömek edýändigini belldi. Şeýle hem ol iki ýurtda-da ösüşi, innowasiýalary we iş orunlarynyň döredilmegini goldamakda, aýratyn-da, maliýe hyzmatlary ýaly ulgamlardaky amaly hyzmatdaşlygyň ornuny aýratyn nygtady.

London şäheriniň meri, oldermen Dama Sýuzan Lengli öz çykyşynda Londonyň söwdanyň we maliýanyň ählumumy merkezi hökmündäki köpýyllyk ornuny nygtady hem-de hytaý-britan ykdysady gatnaşyklarynyň çuň taryhy kökleriniň bardygyny we geljekde hem ösmegini dowam etdirjekdigini belledi.

«Dünýäde geosyýasy durnuksyzlygyň şertlerinde London we Beýik Britaniýa açyk, durnukly we gowy düzgünleşdirilen ählumumy maliýe merkezi bolup galýar» — diýip, Lengli aýtdy. Şeýle hem ol Beýik Britaniýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň diňe bir iki tarap üçin bähbitli bolman, eýsem dünýä ykdysadyýetiniň uly durnuklylygyna we durnukly ösüşine goşant goşýandygyny belledi.

Forumyň dowamynda Hytaýyň «täze hilli öndürijilikli güýçlerini» ösdürmeginiň netijesinde ýüze çykýan täze mümkinçiliklere, şeýle hem öňdebaryjy önümçilik, «ýaşyl» geçiş we ählumumy bazarlary giňeltmek ýaly ugurlarda amaly hyzmatdaşlyga bagyşlanan iki sany panel çekişme geçirildi.

«Bu ýerde gürrüň Beýik Britaniýa bilen gepleşikler, Hytaýdaky mümkinçilikler, adamlary Hytaýa gitmäge razy etmek, gepleşikler stoluna oturmak we Hytaýda işewürligi nädip alyp barmalydygyna düşünmek barada barýar» — diýip, gatnaşyjylaryň biri belledi.

«Hemmeleriň hytaý-britan söwda gatnaşyklarynyň ýagdaýy barada aýdanlary meni örän gyzyklandyrdy» — diýip, gaşga bir gatnaşyjy aýtdy.

Beýleki habarlar