Hytaýly alymlar 1-nji derejeli süýji keselini bejermek üçin sütün öýjüklerinden alnan kiçijik öýjüklerini göçürip oturtmak synagyny geçirýärler

Hytaýly alymlar 1-nji derejeli süýji keseli bolan näsaglarda aşgazanasty mäziniň öýjükleriniň işini dikeltmek üçin endodermal sütün öýjüklerinden (E-islet) alnan Langergans öýjügine meňzeş dokumalary ulandylar we lukmançylykda uly öňegidişlik gazandylar. Bu usul dünýäde millionlarça adam üçin täze bejeriş mümkinçiligini hödürläp biler.
Barlag topary endodermal sütün öýjükleriniň esasynda tehnologik ulgam işläp düzdüler. Onuň kömegi bilen kiçijik öýjükleriň işiniň agyr bozulmagyndan ýa-da olaryň doly ýetmezçiliginden ejir çekýän süýji keselli näsaglar üçin niýetlenen funksional dikeldiş kiçijik öýjüklerini üstünlikli döretdiler. Bellärlikli tarapy, bu topar hem autologik (näsagyň özünden alnan), hem-de allogen (başga birinden alnan) sütün öýjüklerinden taýýarlanan dikeldiş kiçijik öýjünlerini ulanmak arkaly, dünýäde ilkinji gezek şowly geçen minimal inwaziw göçürip oturtmak işini geçirdiler.
Bu 1-nji derejeli süýji keseli bolan näsaglarda aşgazanasty mäziniň öýjükleriniň işini doly dikeltmäge mümkinçilik berýän möhüm üstünlikdir. Şanhaýly hünärmenler topary E-islet usulynyň kömegi bilen 1-nji derejeli süýji keseli bolan üç sany näsagy üstünlikli bejerdiler.
Adaty usullarda islendik öýjüge öwrülip bilýän ösüşiň “köki” bolan pluri-potent sütün öýjükleri ulanylýar. Emma aşgazanasty mäziniň Langergans kiçijik öýjüklerini almak amaly “in vitro” uzak we köplenç netijesiz “şahalanma” tapgyryny öz içine alýar, bu bolsa köp halatlarda nätanyş öýjükleriň emele gelmegine getirilýär.
Täze usul sütün öýjüklerini ýa-da endodermal şahalary ulanmak arkaly, gerek bolan dokumany gaýtadan gurmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa adaty pluri-potent sütün öýjükleri üçin zerur bolan uzak differensiasiýa tapgyryndan sowa geçmäge kömek edýär. Şeýlelikde, ösdürip ýetişdirme wagty 40 günden bary-ýogy 14 güne çenli gysgalýar we çişleriň emele gelme töwekgelçiligi iň pes derejä düşürilýär, sebäbi endodermal sütün öýjükleriniň özi “in vivo” köpelmeýärler.
Degişli barlaglaryň netijeleri süýji keseli we endokrinologiýa ulgamynda dünýäniň iň täsirli neşirleriniň biri bolan «The Lancet Diabetes & Endocrinology» atly halkara ylmy žurnalynda çap edildi. Bu bolsa Hytaýyň regeneratiw lukmançylyk baradaky öňdebaryjy üstünlikleriniň dünýä derejesinde ykrar edilmesidir. Bu innowasion bejeriş usuly, adatça ömürboýy insulin sanjymlaryny talap edýän bu agyr dowamly keseli bejermekde täzeçil çemeleşmeleriň ýokary netijeliligini görkezýär.







