Pudagyň öňdebaryjylary adamşekilli robototehnika ulgamynda çalt öňegidişlikleriň boljakdygyny çaglaýarlar

2026-njy ýylda Ýabulide geçirilen Hytaýyň telekeçiler forumynda adamşekilli robotlar üns merkezinde boldy, sebäbi pudagyň öňdebaryjylary ýakyn geljekde bu ugurda uly öňegidişlikleriň boljakdygyny çakladylar.
Sişenbe güni Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Heýlunszýan welaýatynyň Ýabuli dag-lyža kurortynda açylan üç günlük forum şu ýyl dürli pudaklaryň işewür-öňdebaryjylaryny, alymlaryny we hünärmenlerini bir ýere jemledi. Emeli aň we robototehnika çäräniň iň köp ara alnyp maslahatlaşylan temalary boldy.
Forum 19-njy aprelde Pekinde geçiriljek 2026-njy ýylyň Adamşekilli robotlaryň ýarym marafonyň öňüsyrasynda geçirilýär. Bu ýaryşda käbir modelleriň geçen ýylky ilkinji bäsleşik bilen deňeşdirilende, nawigasiýada has uly özbaşdaklyk bilen ylgamagyna garaşylýar. Ýabulidäki forumda «Unitree Robotics» kompaniýasy esaslandyryjy we baş direktory Wan Sinsin bu robotlaryň adam-türgenlerinden ozmaga golaýdygyny mälim etdi.
«Meniň çaklamama görä, birnäçe aýyň dowamynda, şu ýylyň ortalaryna çenli tutuş dünýäde, aýratyn-da Hytaýda adamşekilli robotlar adamlardan has çalt ylgap bilerler we 100 metr aralygy 10 sekuntdan hem az wagtyň içinde geçmäge ukyply bolarlar» — diýip, Wan çäräniň dowamynda eden çykyşynda belledi.
Ol şeýle hem robotlaryň umumy çalasynlygynyň möhümdigini nygtap, gatnaşyjylary robotlaryň häzirki wagtda has dürli-dürli iş wezipelerini ýerine ýetirende ýüzbe-ýüz bolýan iň uly bökdençliklerine üns bermäge çagyrdy.
«Häzirki wagtda, eger biz roboty bir ýa-da birnäçe anyk ssenariýalar üçin deslapky tapgyrdan okatsak, onuň üstünlikli görkezijisi takmynan 100 göterime ýetip biler. Emma, ssenariýa üýtgese, onuň üstünlik derejesi ep-esli peselýär. Şonuň üçin hem biz adamşekilli robotlaryň umumylaşdyrmak ukybyny ýa-da fiziki intellektini kämilleşdirmelidiris» — diýip, ol belledi.
Emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösmegi bilen, fiziki intellektiň täjirçilik maksatly ulanylyşa geçiş depgini hem çaltlanýar.
«Men robototehnikanyň geljegine aýratyn uly ynam bilen garaýaryn. Hereketlendiriji güýç robotlardyr; şonuň bilen bir hatarda senagat robotlary we durmuş ugurly robotlar hem bardyr. Ýöne netijede bular adamşekilli robotlar — hojalykda ulanylýan adamşekilli robotlar bolar. Bu bazaryň özi birnäçe trillion dollarlyk mümkinçiligi aňladýar» — diýip, Sinhua uniwersitetiniň Emeli aň senagatyny boýunça ylmy-barlag institutynyň dekany Çžan Ýasin aýtdy.







