Äleme üç sany emeli hemralary uçuryldy
Noýabr 20, 2025 | 17:05 |73

Hepdäniň çarşenbe güni Hytaý Halk Respublikasy “Long March-2C” atly göteriji raketasy arkaly üç sany täze emeli hemralaryny äleme uçurdy.
Uçuş Pekin wagty bilen sagat 12:01-de ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Siusuan äleme uçuryş merkezinde amala aşyryldy we “Şisian-30A”, “Şisian-30B” we “Şisian-30C” atly emeli hemralaryny öňünden bellenen orbitalara iberdi.
Bu emeli hemralar esasan älem gurşawyny öwrenmek hem-de degişli tehnologiýalary barlamak işlerini ýerine ýetirerler.
Bu “Long March” göteriji raketalarynyň 608-nji uçurylyşy boldy.







