Hytaý ýokary tehnologiýaly we ekologiýa taýdan arassa pudaklara has köp daşary ýurt maýasyny gönükdirer: resmi beýannama

Hytaýyň Ösüş we özgertmeler boýunça milli komissiýasynyň wekili Hytaýyň has köp daşary ýurt maýasyny ýokary tehnologiýaly we ekologiýa taýdan arassa pudaklara gönükdirmäge meýillidigini mälim etdi.
Ýakynda Hytaý daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän we meýilleşdirilýän maýa goýum möçberi 13,4 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan 13 sany iri taslamanyň täze sanawyny hödürledi.
Täze taslamalaryň topary, esasan, önümçilik pudagyna, şol sanda elektronika, himiýa senagatyna, awtomobil gurluşygyna we elektrotehnika degişli bolup, olar senagat klasterleriniň ösdürilmegini çaltlandyrmaga gönükdirilendir.
«Biz bazarlara elýeterliligi we açyklygy giňeltmek üçin hyzmatlar pudagyna üns bereris we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin täze artykmaçlyklary döretmäge çalşarys. Biz daşary ýurt maýa goýumlary üçin höweslendirilýän pudaklaryň ýakynda täzeden seredilen toplumyny netijeli durmuşa geçireris we has köp daşary ýurt maýasyny öňdebaryjy önümçilige, döwrebap hyzmatlara, ýokary we täze tehnologiýalara, energiýany tygşytlamaga hem-de daşky gurşawy goramaga gönükdireris» — diýip, Hytaýyň Ösüş we özgertmeler boýunça milli komissiýasynyň Daşary ýurt maýa goýumlary departamentiniň baş direktorynyň orunbasary Szin Sin mälim etdi.
Şu ýyl Hytaýyň iri daşary ýurt maýa goýumly taslamalarynyň sanawyna ilkinji gezek logistika taslamalary girizildi.
Ýurt biomedisina ýaly ugurlarda ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk taslamalaryny goldamagy dowam etdirýär hem-de öňdebaryjy önümçiligiň we döwrebap hyzmatlaryň çuňňur integrasiýasyna ymtylýar.
Iri daşary ýurt maýa goýum taslamalarynyň görkeziji täsiri kiçi we orta telekeçiligiň hem meňzeş taslamalary amala aşyrmagyna itergi berer we ähli önümçilik zynjyry boýunça hyzmatdaşlyga ýardam eder — diýip, Szin belledi.
Daşary ýurt tarapyndan maliýeleşdirilýän täze iri taslamalar Ýanszy derýasynyň deltasynda, Çžuszýan derýasynyň deltasynda we Pekin-Týanszin-Hebeý sebiti ýaly iri şäher klasterlerinde jemlenendir.
Ösen senagat goldawy we kämilleşdirilen işewürlik gurşawy netijesinde, olaryň köpüsinde gurluşyk işlerine badalga berildi.
Mundan başga-da, maýa goýum gurluşlary has dürli-dürli boldy. Taslamalar Ýewropanyň we Aziýanyň dürli ýurtlaryndan gelip gowuşýar, bu bolsa Hytaý bazarynyň ählumumy derejede özüne çekijiliginiň durnuklydygyny görkezýär.
«Şençžen ýaşyl tehnologiýalar we elektromobilleriň üpjünçiligi babatda ajaýyp netijeleri görkezýär. Ýewropa kompaniýalarynyň hem mümkinçilik gözläp, bu şäheri saýlap alýandygy äşgärdir. Häzir biz Uly aýlagyň integrasiýasyna şaýat bolýarys, bu bolsa täze we gyzykly mümkinçilikleri açýar. Ýewropa kompaniýalary bu amalyň özlerine nähili mümkinçilikleri berip biljekdigine düşünmek üçin oňa ünsli gözegçilik edýärler» — diýip, Ýewropa Bileleşiginiň Hytaýdaky Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Ýens Eskelund aýtdy.







