Hytaýyň özünde öndürilen ikinji uly syýahatçylyk gämisi gury dokdan çykdy

Hytaýda gurlan ikinji iri syýahatçylyk gämisi «Adora Flora City» anna güni Şanhaýdaky gury dokdan resmi taýdan çykarylar. Bu waka ýurduň syýahatçylyk gämilerini gurmak senagatynda möhüm menzil bolar.
Umumy sygymy 140 000 tonnadan gowrak bolan «Adora Flora City» gämisiniň uzynlygy 341 metre, ini bolsa 37,2 metre barbardyr. Gämi 2130 sany kaýutadan ybarat bolup, ol bir wagtyň özünde 5200-den gowrak ýolagçyny kabul edip bilýär.
Şenbe güni gury doky suwdan doldurmak we gämini üstünlikli gozgamak işleri tamamlanandan soň, gämi dokdan çykmak üçin ýedi günlük taýýarlyk tapgyryna girişdi. Bu döwürde ol birnäçe synaglardan we barlaglardan, şol sanda gyşarma synaglaryndan, halas ediji gaýyklary suwa düşürmek hem-de gämi synaglaryndan üstünlikli geçdi. Ähli synaglaryň üstünlikli geçmegi netijesinde, gäminiň dokdan çykarylmagy anna güni öýlän meýilleşdirildi.
«Gury dokdan çykyş wagty esasan deňiz joşgunyna baglydyr. Biz gäminiň doly howpsuzlygyny üpjün etmek üçin akymyň iň asuda wagtyny we deňiz suwunyň iň ýokary, durnukly derejesini saýlap alýarys» — diýip, Hytaýyň Döwlet gämi gurluşyk korporasiýasynyň (CSSC) düzümine girýän «Waigaoqiao Shipbuilding Co» kompaniýasynyň gämi taslamalary bölüminiň direktorynyň orunbasary Çžan Sýan aýtdy.
Meýilnama laýyklykda, «Adora Flora City» gury dokdan çykandan soň, gurluşygyň we duralgadaky synaglaryň jemleýji tapgyryna geçer. Gäminiň deňizdäki synag ýüzüşi bolsa maý aýynyň ahyryna meýilleşdirilýär.
Gury dokdan çykmak — gämi gurluşygynda gurluşygyň jemleýji tapgyrynyň başlangyjyny aňladýan iňňän möhüm pursatdyr. Hünärmenleriň düşündirişine görä, uzynlygy 341 metr bolan syýahatçylyk gämisini dokdan duralga geçirmek — berk utgaşyklygy talap edýän çylşyrymly amaldyr.
Ägirt uly gäminiň dokdan howpsuz çykarylmagy we onuň duralga berkidilmegi üçin öwrülmegi toparyň tirkeg gämileriniň işini utgaşdyrmagy, wagtlaýyn gatnaw dolandyryş zolaklaryny döretmegi, nawigasiýa üçin goşmaça gözegçilik gämilerini ulanmagy we beýleki gämiler bilen çakyşmalaryň öňüni almak üçin dronlar arkaly howadan gözegçilik etmegi gerek bolar.
«Dokuz sany tirkeg gämisiniň kömegi bilen «Adora Flora City gämisi» 2-nji dokdan gämi gurluşyk zawodynyň 4-nji duralgasyna geçiriler. Duralga baranymyzdan soň, biz howpsuz iş zolagyny kesgitlemek we gäminiň hereketlerini yzygiderli yzarlamak üçin «Akylly deňiz» ulgamymyzy ulanarys» — diýip, Pudun şäheriniň Deňiz howpsuzlygy müdirliginiň dolandyryş merkeziniň direktorynyň orunbasary Go Çžunhua aýtdy.
Duralganyň golaýyndaky suwlarda deňiz gatnawynyň örän dykyzdygy we gäminiň ägirt uly ölçegleri göz öňünde tutulyp, ýerli deňiz häkimiýetleri bu sebitde gije-gündizleýin gözegçiligi ýola goýarlar.
«Biz syýahatçylyk gämisi üçin elektron duýduryş zolagyny döretdik. Ol ýerden geçýän gämilere gözegçilik etmek we hakyky wagt tertibinde duýduryşlary bermek üçin intellektual seljermeleri ulanýarys. Şeýle hem, golaýdaky suwlarda tertip-düzgüni we howpsuzlygy üpjün etmek üçin gözegçiligi güýçlendirýäris» — diýip, Şanhaýyň Ýanszy derýasyndaky gämi gatnawynyň jemgyýetçilik howpsuzlygy býurosynyň Baoşan ýerli polisiýanyň işgäri Lo Ýueszýan aýtdy.







