Hytaý 15-nji bäşýyllyk meýilnamanyň çäklerinde ägirt uly kosmos meýilnamalaryny işläp düzýär

Ýaňy-ýakynda çap edilen 15-nji bäşýyllyk meýilnama (2026–2030-njy ýyllar) laýyklykda, Hytaý geljek bäş ýyl üçin öz kosmos pudagyny ösdürmegiň «ýol kartasyny» taýýarlady.
Hytaýyň maksady — kosmos mümkinçilikleriniň ösüşini çaltlandyrmak arkaly, aerokosmos pudagyny diňe bir milli kuwwatyň nyşany däl-de, eýsem bahasy trillionlarça ýuan bolan ykdysadyýeti döretmäge ukyply täze önümçilik güýçleriniň esasy hereketlendirijisine öwürmekdir.
Esasy maksatlaryň biri hem — kosmos işini aýratyn gymmat bahaly taslamalardan köpçülikleýin önümçilige ukyply, bazara gönükdirilen pudaga öwürmekden ybaratdyr.
Hemralar has güýçli we çydamly elektrik üpjünçilik ulgamlary hem-de uniwersal «akylly beýni» bilen enjamlaşdyrylar. Bu bolsa her bir aýratyn hemra üçin ýöriteleşdirilen çipleri döretmek zerurlygyny aradan aýyrar. Şol bir wagtyň özünde Hytaý, uçarlara meňzeş, köp gezek ulanyp bolýan we has ýeňil göteriji raketalary işläp düzmegi meýilleşdirýär. Bu bolsa älem giňişligine uçuşlaryň bahasyny ep-esli arzandadar.
Meýilnama şeýle hem hemralar ulgamynyň uly göwrümli we netijeli ýerleşdirilmegini üpjün etmek üçin raketalaryň we hemralaryň utgaşykly gurluşynyň möhümdigini nygtaýar. Kosmos enjamlaryny kosmos zibillerinden, signal bökdençliklerinden we beýleki orbitadaky töwekgelçiliklerden goramak üçin işjeň kosmos goragy we hemralar toparyny intellektual dolandyrmak tehnologiýalary işlenip düzüler.
Hytaý milli derejede utgaşdyrylýan iri hemra internet ulgamyny döretmegi dowam etdirer. Meýilnama ulgamyň durnukly işlemegini üpjün etmek üçin hemralaryň köpçülikleýin ýerleşdirilmegini, uçuşlary dolandyrmagyň kämilleşdirilmegini we orbitada has ýokary hilli hyzmatlaryň hödürlenmegini göz öňünde tutýar.
Bu ulgam aragatnaşygy, interneti, takyk ýerleşişi we aralykdan zondirlemegi bitewi kosmos düzümine birleşdirip, «BeiDou» milli nawigasiýa hemra ulgamy bilen ýakyn arabaglanyşykda bolar.
Bu utgaşdyrylan «kosmos-howa-ýer» ulgamynyň deňiz amallaryny, adatdan daşary ýagdaýlara garşy çäreleri we uzak sebitlerdäki aragatnaşygy goldamagyna, şeýle hem ählumumy aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmegine garaşylýar. Hytaý özüniň kämilleşen kosmos tehnologiýalarynyň we hyzmatlarynyň halkara derejesinde ulanylmagyny hem ilerletmegi meýilleşdirýär.
Uzak kosmosy öwrenmek Hytaýyň kosmos maksatlarynyň esasy ugry bolup galýar. Ozalky Aý we Mars missiýalaryna esaslanyp, täze meýilnama älem giňişliginiň has çuňňur gatlaklaryny öwrenmek boýunça tagallalary giňeltmegi göz öňünde tutýar.
Hytaý Marsy öwrenmek maksatnamasynyň ikinji tapgyryny ilerletmek bilen bir wagtda, howply asman jisimlerini yzarlamak we olaryň ugruny üýtgetmek mümkinçiliklerini ösdürmegi maksat edinýär. Şeýle hem ýurt täze ylmy açyşlar etmek üçin Günüň ulgamynyň daşky çäklerini öwrenmegi meýilleşdirýär.
Köp gezek ulanylýan agyr göteriji raketanyň geljekki missiýalarda, şol sanda Aýa adamly uçuşlarda we uzak kosmosy barlamakda esasy orny eýelemegine garaşylýar. Hytaý Halkara Aý ylmy-barlag stansiýasyny döretmek boýunça barlaglary dowam etdirer we halkara hyzmatdaşlary bilen bilelikde Aýyň ylmy taýdan öwrenilmegini hem-de onuň serişdeleriniň mümkin bolan ulanylyşyny kem-kemden giňelder.







