Daşary ýurt maýadarlary Şanhaýda geçirilen global maýa goýumlaryny ilerletmek boýunça maslahatda Hytaýyň ykdysady ösüşiniň täze depginini goldady

14-nji martda dünýä kompaniýalarynyň ýolbaşçylary 2026-njy ýylyň Global maýa goýumlaryny ilerletmek boýunça maslahatyna gatnaşmak üçin Şanhaýda ýygnanyp, şäheriň Hytaýyň täze ösüş maksatnamasy üçin maýanyň esasy derwezesi hökmünde ornuny nygtadylar.
Sammit Şanhaýy Ýanszy derýasynyň deltasynda hem-de tutuş ýurt boýunça maýa goýumlaryny höweslendirýän strategiki hereketlendiriji hökmünde görkezdi. 15-nji bäşýyllyk meýilnamanyň durmuşa geçirilýän döwründe Hytaý global telekeçileri bilelikdäki ösüş mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrýar. Hytaýyň esasy ykdysady merkezleriniň biri hökmünde Şanhaý işewürlik, innowasiýa we sarp ediş üçin dünýä derejesindäki gurşawy döretmegi wada berýär we maliýe, söwda, gämi gatnawy hem-de ylmy barlaglar babatda täsirini güýçlendirýär.
Resmi wekiller önümçiligi ösdürmegiň, hyzmatlar pudagyny işjeňleşdirmegiň we pudaklaryň integrasiýasynyň “täze ýokary hilli önümçilik güýçlerini” döretmekde çözgütleýji ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler. Bu bolsa ylmy-tehniki innowasiýalara, senagatyň döwrebaplaşdyrylmagyna we geljegi uly pudaklara esaslanýan täze ösüş hereketlendirijilerini aňladýar.
“Hytaýdaky güýçli strategiki meýilleşdiriş bize ynam berýär. Şonuň üçin öňümizdäki 15-nji bäşýyllyk meýilnamada biziň öz strategiýamyz bilen örän laýyk gelýän köp elementleri görýäris. Şanhaýyň senagat syýasaty hem biziň üçin örän amatly — onda emeli aň, biolukmançylyk, ýarymgeçirijiler ýaly ugurlar agzalýar, bu bolsa biziň alyp barýan işimiziň esasy bölegidir. Emma geljekde has möhüm zat — biz Hytaýdaky ekoulgamdan we innowasiýalardan öwrenip, global kompaniýa hökmünde bu prosese gatnaşyp bileris,” – diýip, ZEISS Greater China kompaniýasynyň prezidenti we baş direktory Martin Fişer aýtdy.
“Biziň önümimiz grafiki prosessor (GPU). Grafiki prosesorlar professional dizaýndan başlap oýunlara we emeli aň arkaly maglumatlaryň çykarylyşyna çenli köp möçberde işleri ýerine ýetirip bilýän ýokary tizlikli hasaplamalary talap edýär. Bu ähli ugurlarda ulanylyp bilner. Hytaýda örän uly bazar we köp zehinli inženerler bar. Şonuň üçin biz bu ýerde işläp taýýarlamany başladyk we bu ýerde işimizi ösdürmegi meýilleşdirýäris. Bu önüm dolulygyna Hytaýda işlenip taýýarlanyldy,” – diýip, Lisuan Tech kompaniýasynyň başlygy we baş direktory Sýuan Ifan aýtdy.
“Biziň ýük daşamak üçin niýetlenen eVTOL uçarymyz eýýäm Hytaýyň raýat awiasiýasy müdirliginden synag uçuşy üçin rugsatnama, önümçilik ygtyýarnamasyny we aýratyn synag uçuş şahadatnamasyny aldy. Bu üç esasy resminamanyň hemmesiniň bardygyny aňladýar. Synag uçuş rugsadyny almak prosesinde köp sanly barlaglar we synaglar geçirildi, bu bolsa uçarymyzyň howpsuzlygyň, netijeliligiň we ulanylyşyň ýokary standartlaryna laýyk gelýändigini kepillendirýär,” – diýip, AutoFlight kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Sanni San aýtdy.
“Eger siz halkara derejesinde işleýän bolsaňyz, Hytaýda hem örän işjeň bolmaly. Biz Hytaýa 10 ýyldan gowrak mundan ozal maýa goýup başladyk. Bu sebite çynlakaý garaýarys we öňümizdäki ýyllarda Hytaý barada örän oňyn garaýşymyz bar,” – diýip, Lucanet kompaniýasynyň girdeji boýunça direktory Ýoris wan Leuwen aýtdy.
2025-nji ýylda Şanhaý iri taslamalara 1,26 trillion ýuan (takmynan 183 milliard ABŞ dollary) möçberinde maýa çekdi. Bu maýanyň ýarysyndan gowragy senagat, programma üpjünçiligi we maglumat hyzmatlary pudaklaryna gönükdirildi. 15-nji bäşýyllyk meýilnamada (2026–2030) ýokary hilli ösüş milli ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenendigini göz öňünde tutup, resmi wekiller häzirki wagtda Hytaýa maýa goýmagyň geljege goýulýan maýa hökmünde garalýandygyny belleýärler.







