Pekinde robotlaryň bäsleşigi tamamlandy

Hepdäniň duşenbe we sişenbe günleri Pekinde 2-nji Zhongguancun Intellektual Robot Ulanyş bäsleşiginiň jemleýji tapgyrlary geçirildi we bu çäre arkaly adaty durmuşda akylly tehnologiýalaryň ulanylmagy höweslendirildi.
Hytaýdan we daşary ýurtlardan 99 sany öňdebaryjy toparlar Pekiniň Zhongguancun ýokary tehnologiýa zolagynda jemlenişip, iki günlük çäräniň dowamynda 19 sany esasy ýumuş boýunça bäsleşdiler.
Bu ýylky geçirilen bäsleşik “Awtonom tamamlamak” we “Telefon arkaly tamamlamak” ugurlara bölündi. Bäsleşigiň dowamynda robota ornaşdyrylan aňyň nähili derejede dürli pudaklaryň ösmegine itergi berip biljekdigine hem-de olaryň gündelik durmuşda näderejede peýdaly bolup biljekdigini anyklamaga gönükdirilen ýumuşlara üns berildi.
Bäsleşik meýdançasynda adam şekilli robotlar pianinonyň başynda oturyp, klawiaturalar arkaly ussatlyk bilen saz çalmagy başardylar. Ýönekeý güýmenjeden başga-da, bu robot-sazandalary robot tehnologiýasynda, şol sanda elleri çeperlik bilen işletmekde, çalt hereket etmekde we dürs durmakda täsin öňegidişlikleri görkezdiler.
Beýleki meýdançalarda bolsa robotlar öý hojalyk işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.
“Ine bu ýerde robot egin-eşikleri epleýär. Ol her dürli öý-hojalyk işlerini, mysal üçin nahary gyzdyrmak, otaglary we beýleki ýerleri arassalamak, gap-gaçlary äbermek we kofe taýýarlamak ýaly işleri ýerine ýetirip bilýär. Bu bäsleşikde men pikir alyşmak we deň-duşlarymdan öwrenmek üçin özüme bähbitli mümkinçiliklerden peýdalandym, bu bolsa geljekki ösüşimize ýol açar” diýip, bäsleşige gatnaşyjy Çai Wanru öz pikirini paýlaşýar.
Şonuň ýaly-da, “geçirilen bäsleşik bu ugurda innowasiýany öňe sürýän giň hyzmatdaşlygyň möhümdigini görkezdi” diýip, Zhongguancun Ylym Şäheriniň dolandyryş komitetiniň ýanyndaky Senagaty ösdürmek bölüminiň müdiri Sian Dakuan belläp geçýär.
“Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna 100-e golaý topar gatnaşyp, olaryň 60 göterimi uniwersitetleriň wekilleridi. Öz gezeginde öňdebaryjy kärhanalar we hususy işläp düzüjiler hem bäsleşdiler we olar ornaşdyrylan aň ugrunda pudak - okuw - ylmy barlag sazlaşygyny görkezdiler. Bäsleşik öý hojalyklarynda, täjirçilik, senagat we howpsuzlyk ugurlary boýunça durmuşda amaly ulanylyşlara gönükdirilip, robotlary laboratoriýalardan daşky gündelik durmuşa uýgunlaşdyrmak we ornaşdyrmak maksady bilen geçirildi” diýip, müdir sözüniň üstüni ýetirýär.
Bäş aýlap dowam eden bäsleşige 14-nji iýunda Pekinde badalga berlipdi we bu şondan bäri tehnologik innowasiýalary höweslendirdi hem-de Hytaý döwletiniň paýtagtynyň ornaşdyrylan aň ulgamynda öňdebaryjy ornuny pugtalandyrdy.







