Hytaý ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda möhüm dikeldiş görkezdi: wekiliň beýanaty

Mart 17, 2026 | 22:32 |57
CCTV logo
Çeşme: cctv.com

Hytaý ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda möhüm derejede dikeldi we täze ýylyň ygtybarly başlangyjyny üpjün etdi, diýip duşenbe güni Milli statistika edarasynyň (MSE) wekili aýtdy.

Pekinde geçirilen metbugat ýygnagynda Milli statistika edarasynyň wekili we baş ykdysatçysy Fu Linhueý ýanwar-fewral aýlarynda ýurduň ykdysady görkezijileri barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine habar berdi.

«Ýanwar we fewral aýlarynda biz has işjeň we netijeli makro ykdysady syýasaty yöretdik. Biz kontraýlaw we aýlawara korrektirowkalary güýçlendirdik, içerki islegi artdyrmagy dowam etdirdik, teklibi gowulandyrdyk, täze ýokary hilli serişdeleri çekdik we bar bolan mümkinçilikleri ýokary derejede netijeli peýdalandyk. Netijede önümçilik we teklip has çalt depginde ösdi, bazar islegi durnukly bolup, ösüş alamatlaryny görkezdi, iş bilen üpjünçilik we bahalar umumylykda durnuklylygynda galdy, täze ýokary hilli önümçilik kuwwatlary ep-esli güýçlendi. Ykdysadyýet güýçli we gowy badalga aldy», – diýip Fu belledi.

«Senagat önümçiligi çalt depginde ösdi, şol sanda maşyn gurluşygy senagaty we ýokary tehnologiýaly önümçilik pudagy güýçli ösüş görkezdi. Ýanwar we fewral aýlarynda uly önümçilik kärhanalarynyň goşmaça girdejisi ýyllyk hasaplamada 6,3% artdy, bu geçen ýylyň dekabry bilen deňeşdirilende 1,1 göterim ýokary. Maşyn gurluşygynyň goşmaça girdejisi ýyllyk hasaplamada 9,3%, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň goşmaça girdejisi bolsa 13,1% ýokarlandy, bu senagatyň umumy ösüşine garaňda 3,0 we 6,8 göterim ýokary boldy», – diýip, wekil aýtdy. Senagat önümçiliginiň görkezijisi ýyllyk esasy dolanşygy 20 million ýuan (takmynan 2,9 million ABŞ dollary) bolan uly kärhanalaryň işjeňligini ölçemek üçin ulanylýar.

«Hyzmatlar pudagynda çalt ösüş hasaba alyndy, hususan-da häzirki zaman hyzmat pudaklary çalt depginde ösdi. Ýanwar we fewral aýlarynda hyzmat önümçiliginiň indeksi ýyllyk hasaplamada 5,2% artdy, bu geçen ýylyň dekabry bilen deňeşdirilende 0,2 göterim ýokary», – diýip, ol goşmaça belledi.

«Bazar satuwy dikeldildi, hususan-da hyzmat pudagyndaky bölekleýin satuwlar çalt ösýär. Ýanwar we fewral aýlarynda sarp ediş harytlarynyň umumy bölekleýin satuwy 8,6079 trillion ýuan (takmynan 1,25 trillion ABŞ dollary) boldy, bu geçen ýylyň dekabry bilen deňeşdirilende 2,8% köpdir we geçen ýylyň dekabry bilen deňeşdirilende 1,9 göterim göekeziji ýokary. Hyzmat pudagyndaky bölekleýin satuwlar ýyllyk hasaplamada 5,6% ýokarlandy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 0,1 göterim görkeziji ýokary», – diýip, Fu aýtdy.

Beýleki habarlar