Ýanwar-fewral aýlarynda Huanhe derýasynyň basseýninde daşary söwda möçberi 1,09 trillion ýuana ýetdi

Mart 17, 2026 | 03:25 |49
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Resmi gümrük maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda Huanhe derýasynyň boýundaky dokuz sany welaýatyň we awtonom sebitiň eksport-import söwdasynyň umumy bahasy 1,09 trillion ýuana (takmynan 158 milliard ABŞ dollary) ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15,4 göterim ýokarydyr.

Bu sanlar şol döwür üçin täze bir rekord bolup, Huanhe derýasynyň basseýniniň beýleki içerki sebitler bilen deňeşdirilende durnukly ösüşini häsiýetlendirýär.

Huanhe derýasynyň basseýniniň içindäki söwda ösüş depgini biri-birinden ep-esli tapawutlandy. Şunda Şensi, Içerki Mongoliýa, Henan we Ninsýa ýyllyk degişlilikde 69 göterim, 38,6 göterim, 28,2 göterim we 23,9 göterim ösüş görkezip, öňe saýlandylar.

Eksport görnüşlerine gelsek, “täze üçlük” (elektromobiller, litiý-ion batareýalary we fotoelektrik elementleri), şeýle hem beýleki ýokary tehnologiýaly we oba hojalyk harytlary ep-esli ösüş görkezdi. Hususan-da, mehaniki we elektrotehniki önümleriniň eksporty 17,3 göterim artyp, umumy eksportyň 61 göterimini emele getirdi.

“Biz aşa ýokary berklikdäki polatlary kebşirlemek hem-de 1000 kWt-dan gowrak kuwwatlygy bolan howa arkaly sowadylýan generatorlary we sowadyjy ulgamlaryny deňiz platformalaryna gurnamak ýaly esasy tehniki kynçylyklary üstünlikli ýeňip geçdik. Bu bolsa ýerli önümçiligiň degişli ugurlaryndaky tehnologik boşlugy doldurýar” — diýip, Hytaýyň Döwlet gämi gurluşyk korporasiýasynyň (CSSC) düzümine girýän “Wuhan Marine Machinery Plant Co., Ltd.” kompaniýasynyň şahamçasy bolan “Qingdao Haixi Heavy-Duty Machinery Co., Ltd.” kärhanasynyň baş direktorynyň orunbasary Se Wanpen aýtdy.

Kompaniýanyň ýerleşýän ýeri bolan Hytaýyň gündogaryndaky Şandun welaýatynyň Sindaý şäherindäki Haýsi aýlagynyň gämi gurluşyk we deňiz inženerçilik senagat bazasynda gämi gurluşygy, deňiz maşyn gurluşyk enjamlaryny öndürmek we degişli hyzmatlar bilen meşgullanýan 50-den gowrak kärhana jemlenendir.

“Häzirki taslamalarymyz üçin zerur bolan materiallaryň takmynan 30 göterimi ýerli senagat klasteri tarapyndan üpjün edilýär. Häzirki wagtda bizde gurluşyk tapgyrynda bolan 100-den gowrak taslama we port enjamlary bar, olaryň tabşyrylyş möhletleri 2027-nji ýyla çenli meýilleşdirildi” — diýip, “Qingdao Haixi Heavy-Duty Machinery Co., Ltd.” kompaniýasynyň deňiz platformalary bölüminiň taslama ýolbaşçysy Çžou Çženfen aýtdy.

Beýleki habarlar