Sportuň täze görnüşleri we söwda merkezleri Şanhaýda bedenterbiýä bolan höwesi artdyrýar

Noýabr 19, 2025 | 20:50 |82
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň söwda we maliýe paýtagty bolan Şanhaý şäherinde soňky ýyllarda geçirilen iri sport çäreleriniň hem-de söwda merkezleriniň işleriniň netijesinde, sportuň täze görnüşlerine bolan höwes barha artýar.

Şäheriň Suhueý etrabyndaky söwda merkezinde geçirilen höwesjeňleriň kikboksing boýunça ýaryşyna Ýanszy derýasynyň sebitindäki onlarça klubdan türgenler gatnaşyp, bu çärä ýerli ýaşaýjylar hem-de syýahatçylar uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.

“Meniň pikirimçe, ýaryşy söwda merkezinde geçirmek örän ýerine düşen pikir, bu ýer gatnaşyjylary ýagyndanam, ýeldenem goraýar. Döredilen gurşaw hem özüne çekiji, esasanam ýaş türgenlerde şeýle hyjuw döredýär,” diýip, ýerli ýaşaýjy öz pikirini paýlaşýar.

Şäheriň beýleki söwda merkezlerinde hem birnäçe döwrebap sport görnüşlerini birleşdirýän “häzirki zaman karnawaly” geçirildi.

Täsin ýaryşlaryň biri hem 58 gatly bina dikligine ýokary çykmak bäsleşigi boldy. Bu çärä 600-e golaý bedenterbiýe muşdagy gatnaşyp, olar binanyň iň aşagyndan çür depesine çenli basgançaklardan ylgap, kim öňürti ýokaryk çykmak boýunça ýaryşdylar.

Bu ýere gelenler şäheriň merkezindäki açyk meýdanda 6 müň 500 inedördül metrden gowrak ölçegdäki yşyklandyryjyly äpet bassyrmanyň astynda golf, tennis, aerobika, ylgamak, piklbol, welosiped sürmek we zumba ýaly sportuň birnäçe görnüşlerine uly höwes bilen gatnaşdylar.

Guramaçylaryň bellemegine görä, şeýle oňaýly sport çäreleri adaty sport desgalarynyň çäklendirmelerini aradan aýyrmak bilen, ýaşlaryň “islendik wagt, iň golaý ýerde sport bilen meşgullanmak” islegini doly kanagatlandyrýandyr.

Şeýle sport çäreleri bilen söwda hyzmatdaşlyklaryň utgaşmagy sport bilen baglanyşykly geleşikleriň hem ösmegine uly itergi berýär.

Beýleki habarlar